Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar.
Taslama Mercedes-Benz kompaniýasynyň 2021-nji ýylda satyn alan Britaniýanyň YASA kompaniýasynyň tehnologiýalaryna esaslanýar. Önümçilik tapgyry 98 sany amaldan ybarat bolup, olaryň 35-gisi dünýä senagaty üçin özboluşly (unikal) diýlip atlandyryldy.
Işläp taýýarlamak döwründe 30-dan gowrak patent arzasy tabşyryldy. Täze hereketlendirijileriň esasy tapawudy magnit akymynyň ugrunda ýatyr. Okly hereketlendirijilerde ol aýlanma okunyň boýuna geçýär, bu bolsa işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we energiýa ýitgilerini azaltmaga mümkinçilik berýär.
Täze hereketlendiriji Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe awtomobiline gurnalýar. Ulag 100 km/sag tizlige 2,1 sekuntda ýetmäge ukyplydyr, iň ýokary tizligi bolsa «Driver’s Package» bukjasynyň bar bolan ýagdaýynda 300 km/sag-a çenli ýetýär.
Mariýenfeldedäki önümçilik meýdançasy 1902-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. 2022-nji ýyldan bäri onuň binýadynda Mercedes-Benz kompaniýasynyň sanly önümçilik şäherçesi işleýär. Takmynan 30 müň inedördül metr meýdany bolan bu toplum üç sany seh we ýedi sany önümçilik tapgyryny birleşdirýär, ol ýerde awtomatlaşdyrylan ulgamlar, lazer tehnologiýalary we emeli aňyň ulanylmagynda hil gözegçiligi amala aşyrylýar.