Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

  • 10.05.2026 21:39
  • 3.9k+

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi.

Bu çözgüt Hytaý we Demirgazyk Amerika ýaly esasy bazarlarda satuwyň peselmegi hem-de girdejiniň azalmagy sebäpli, kompaniýanyň esasy iş ugruna ünsüni jemlemek zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.

Elektrowelosipedleri, akkumulýatorlary we programma üpjünçiligini öndürmek bilen meşgullanýan bölümleriň ýapylmagy 500-den gowrak iş ornunyň azalmagyna getirer. Hususan-da, ozal hususy akkumulýatorlary öndürmegi meýilleşdiren Cellforce Group kompaniýasy indi dolulygyna diýen ýaly ylmy-barlag taslamalarynyň hataryna geçirildi. Porsche bolsa akkumulýatorlary daşarky üpjünçilerden satyn almagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem, tutuş Volkswagen toparyna hyzmat edýän programma üpjünçiligini işläp düzüji Cetitec kompaniýasy hem ýapylýar.

Ýylyň başynda kompaniýanyň ýolbaşçylygyna geçen baş direktor Mihael Leýters bu çäreleri strategik taýdan üýtgedip gurmak üçin mejbury ädim diýip atlandyrdy. Porsche elektrik modelleri işläp düzmekde, şol sanda programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli Macan elektrik modeliniň çykarylyşynyň gijikdirilmegi we simsiz zarýad beriş ulgamynyň tehniki aýratynlyklary boýunça çynlakaý kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Satuwlaryň peselmegi (Hytaýda 21%, Ýewropada 18%) sebäpli, öndüriji serişdeleriň bir bölegini içinden ýanýan hereketlendirijili platformalary ösdürmäge gönükdirmek barada çözgüt kabul etdi.


şu gün 09:36
1.1k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

10.06.2026 11:18
5.2k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

05.06.2026 18:16
6.2k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

05.06.2026 00:37
8.3k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......