Porsche kompaniýasyna onuň öňki işgäri, ozal Ferrari bilen McLaren-de işlän hünärmen ýolbaşçylyk eder
Porsche AG-yň Synçylar geňeşi täze baş direktor hökmünde kompaniýada ozal ýokary wezipeleri eýelän Mihael Leýtersi belledi. Ol 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda wezipä girişer. Ondan öňki ýolbaşçy, soňky on ýylyň dowamynda premium brende ýolbaşçylyk eden Oliwer Blýume tutuş Volkswagen toparynyň baş direktory wezipesini saklap galar...