BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

  • 13.05.2026 23:24
  • 3.2k+

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň taslamalarynyň üstünde işlän hünärmenler goşuldy.

Merkeziň ýolbaşçysy wezipesine ozal BMW M4 modelini işläp düzmäge gatnaşan Rudolf Dittrih bellenildi. Awtoulaglaryň dinamikasy üçin bolsa BMW iX3-üň üstünde işlän Klaus-Diter Groll jogap berer. Dizaýn bölümini Mercedes-Benz Vision GT-niň döredilmegine goşant goşan Žan-Artur Madlen öz üstüne aldy.

Modelleriň daşky görnüşi üçin bolsa diňe bir ekstremal Porsche 911 däl, eýsem Lamborghini Temerario taslamasyna hem gatnaşan Fabian Şmels-Obermaýer jogap berer.

Bu merkeziň açylmagy kompaniýanyň Ýewropa bazaryna çykmak ugrundaky ädimi hökmünde görülýär.

Häzirki wagtda Xiaomi awtoulaglaryny diňe Hytaýda satýar, emeli aň we beýleki tehnologiýalary özünde jemleýän modelleriniň global derejä çykmagy bolsa 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär. Onda ilkinji daşary ýurt bazary Ýewropa bolar.

Şeýle-de, Tesla-nyň Hytaýdaky bölüminiň öňki ýokary derejeli ýolbaşçysynyň hem kompaniýa goşulandygy we onuň içerki bazardaky satuwlar üçin jogap berjekdigi habar berilýär.


21.06.2026 09:56
6k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
3.9k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....