Porsche-niň iň täsin kolleksiýasyndan 18 awtoulag auksiona çykaryldy

  • 11.03.2026 19:05
  • 2.4k+

RM Sotheby’s auksion öýi meşhur kolleksioner we dizaýner Magnus Wokeriň «Porsche» kolleksiýasynyň bir bölegini satuwa çykarar. 18-nji martdan 25-nji mart aralygynda geçiriljek auksionda 18 sany awtomobil hödürlener, olaryň agramly bölegi klassyky Porsche 911 modellerine esaslanýar.

Magnus Woker awtomobil dünýäsinde Porsche markasynyň iň uly muşdaklarynyň we modifikatorlarynyň biri hökmünde tanalýar. Ol birnäçe ýylyň dowamynda bu markanyň onlarça ulagyny ýygnady we köp sanly özboluşly taslamalary döretdi. Indi bolsa onuň kolleksiýasynyň bir bölegi auksionda satylar.

Iň seýrek harytlaryň biri 1976-njy ýylyň Porsche 911 Carrera 2.7 MFI modeli bolar. «Bosch» mehaniki ýangyç sepiş ulgamy we 1973-nji ýylyň meşhur Carrera RS modeliniňkä meňzeş hereketlendirijisi bolan bu ulagdan jemi 113 sanysy öndürildi. Awtobiliň çen-takmyn bahasy 200 000 — 250 000 dollar aralygynda kesgitlenýär.

Şeýle hem kolleksiýada Porsche 911-iň irki nusgalary, şol sanda ABŞ-a ilkinji getirilenleriň biri bolan 1965-nji ýylyň modeli bar. Mundan başga-da, auksionda 1970–1980-nji ýyllarda döredilen 928, 944 we 968 ýaly üýtgedilen modeller hödürlener.

1974-nji ýylyň Porsche 911 Carrera Flat Nose modeli aýratyn ünsi çekýär — bu Wokeriň ilkinji «Porsche» ulagynynyň doly gaýtalanýan nusgasydyr. Bu awtomobil dürli nesilleriň elementlerini: 2.7 MFI hereketlendirijisini, 1973-nji ýylyň 911 E 2.4 şassisini we ýaryş üçin niýetlenen Porsche 935-den ylham alnan kuzow böleklerini özünde jemleýär.

Käbir lotlar tamamlanmadyk taslamalary hem öz içine alýar. Meselem, auksiona bölekleýin sökülen 1965-nji ýylyň Porsche 911 modeli we indiwidual awtomobili ýygnamak üçin niýetlenen şaýlar toplumy çykarylar.


şu gün 09:56
273

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.8k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....