10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

  • şu gün 00:00
  • 407

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda geçdi.

Bu görkeziji şol modeliň synag-sürüjiniň dolandyrmagyndaky netijesinden takmynan üç minut haýal boldy. Ýaryş wagtynda salonda adamyň bolup-bolmandygy anyklaşdyrylmaýar. Şeýle-de, awtoulagyň tapgyrlaýyn görnüşlerinde bolmaýan goşmaça enjamlaryň ulanylandygy barada maglumat ýok.

Ýaryşa ýarym slik şinalary, howpsuzlyk karkasyny we sport öňki oturgyçlaryny öz içine alýan «Track Package» toplumly «Xiaomi YU7 GT» gatnaşdy.

Maý aýynda kompaniýa şol bir modeliň «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýolunda iň çalt krossower bolandygyny, aýlawy 7 minut 34,931 sekuntda geçip, 2024-nji ýyldan bäri rekordy saklap gelen «Audi RS Q8 Performance-dan» öňe geçendigini habar beripdi.

Xiaomi YU7 GT-niň iki hereketlendirijili güýç gurluşynyň umumy kuwwaty 1003 at güýjüne barabar, CLTC sikli boýunça maksimal ýöriş ätiýaçlygy bolsa 705 kilometre ýetýär.


düýn 08:11
1.5k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
3.8k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
2.8k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
2.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......