Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

  • şu gün 18:36
  • 1k+

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy.

Patent ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna berildi.

Işläp taýýarlama adaty H-görnüşli ülňi boýunça hereket edýän ryçаgdan ybaratdyr. Onuň hereketleri elektron ulgam tarapyndan geçiriş gutusynyň dolandyryş blogy üçin sanly signallara öwrülýär.

Konstruksiýa mehaniki transmissiýada geçirijileri üýtgedende emele gelýän garşylygy we güýji döredýän dempfirleýji (ýumşadyjy) mehanizm bilen enjamlaşdyrylandyr.

Mundan ozal «Ferrari» elektron ssepleniýe pedaly üçin hem patent alypdy. Ol hereketlendiriji we geçiriş gutusy bilen gönüden-göni baglanyşykly däl-de, basyş derejesini sanly buýruklara öwürýär. Hakyky ssepleniýanyň işini gaýtalamak üçin inženerler pedaly basanda güýjüň üýtgemegini gaýtalaýan ýörite mehanizmi göz öňünde tutupdyrlar.

Sanly kulisa we elektron pedal birleşmesiniň hem «Ferrari-niň» robotlaşdyrylan transmissiýaly superkarlarynda, hem-de markanyň geljekki elektrokarlarynda mehaniki geçiriş gutusy bolan awtoulagy dolandyrmak duýgusyny gaýtalamaga mümkinçilik berjekdigine garaşylýar.


şu gün 17:04
1.1k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4.2k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....