3 aýda 50 kg horlan we Porsche Panamera al: Hytaýda fitnes merkezi adaty bolmadyk bäsleşik yglan etdi

  • 01.11.2025 13:56
  • 8.4k+

Hytaýdaky fitnes merkezleriniň biri adaty bolmadyk bäsleşik yglan etdi: kim üç aýyň dowamynda 50 kilogram agram ýitirse, oňa baýrak hökmünde Porsche Panamera berler diýip, The Telegraph habar berýär.

Bäsleşigiň gurnaýjysy, tälimçi bolup, ol 2020-nji ýylda öndürilen ulagyny baýrak hökmünde goýdy. Bu ulag arzanlardan däl.
Bäsleşige 30 adama çenli gatnaşyp biler, olaryň 10-sy eýýäm hasaba alyndy. Gatnaşmak üçin her adam 10 müň ýuandan (takmynan 1410 dollar) tölemeli. Bu bahanyň içine üç aý üçin ýaşaýyş we iýmitlenme çykdajylary girýär. Maksada ýetmek üçin gatnaşyjylar her gün, takmynan, 500 gram agram ýitirmeli bolarlar.
Lukmanlar we saglyk hünärmenleri bu bäsleşigiň şertleri barada alada bildirdiler. Olar şeýle çalt agram ýitirmegiň saglyga howp döredip biljekdigini we dürli meselelere getirip biljegini aýdýarlar. Mundan başga-da, beden ölçegi kadaly bolan adamlarda ýag däl-de, has köp myşsa massasy ýitmegi ähtimal.
Bäsleşigi gurnan tälimçi bolsa, “biz professional okuw we dogry iýmitlenme boýunça maslahat berýäris, şeýlelikde gatnaşyjylara howpsuz ýagdaýda agram ýitirmäge kömek edýäris” diýip, nygtady.


17.07.2024 14:02
3.5k+

Porsche Panamera Mersedes-AMG GT 63 S 4Matic+-dan öňe geçip, Nýurburgringiň rekordyny täzeledi

Porsche üçünji nesil Panameranyň iň çalt wersiýasy bilen Nýurburgringde täze aýlaw rekordyny goýdy. Örtüksiz prototip 7:24,17 wagtda rowaýata öwrülen trassany külterlemegi başaryp, öňki netijäni 5,64 sekunt gowulandyrdy...

şu gün 20:02
2.3k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

düýn 11:51
4.3k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

düýn 11:31
3k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....