Porsche-niň amal girdejisi model hataryna gaýtadan seredilenden soň 99% pese düşdi

  • 30.10.2025 15:42
  • 6.4k+

Porsche 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýy boýunça maliýe hasabatyny çap etdi. Maglumata görä, kompaniýanyň amal girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,035 milliard ýewrodan bary-ýogy 40 million ýewro çenli peseldi. Şol bir wagtyň özünde nagt pul dolanyşygy 1,24 milliarddan 1,35 milliard ýewro çenli ýokarlandy.

Kompaniýa girdejiniň pese gaçmagyny bazardaky çylşyrymly ýagdaý, Hytaýyň premium segmentinde islegiň azalmagy, ABŞ-nyň nyrh syýasaty we kompaniýa içindäki guramaçylyk üýtgemeleri bilen düşündirýär. Bu ýagdaýlar goşmaça çykdajylara we model hatarynyň täzeden seredilmegine getirdi.
Porsche-niň maliýe direktory Ýohan Brekneriň bellemegine görä, kompaniýa ýakyn hepdelerde birnäçe modeli önümçilikden aýrar. Olaryň hatarynda 718 maşgalasy (Cayman we Boxster), şeýle hem benzin bilen işleýän Macan bar. Içinden ýandyrylýan hereketlendirijili Macan käbir bazarlarda 2027-nji ýyla çenli satylyp bilner.
Şeýle hem kompaniýa täze elektrik platformanyň işe girizilmegini indiki onýyllyga süýşürdi we haýsy modelle degişlidigi anyklaşdyrylmazdan, birnäçe elektrik wersiýasyny çykarmagy şol wagt çenli yza goýdy.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....