Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

  • 27.05.2026 19:09
  • 7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç modeli ilkinji onluga girdi. Reýting U.S. News & World Report-yň maglumatlaryna esaslanýar.

Porsche Cayman

2025-nji ýylyň Porsche Cayman-y onynjy orny eýeledi. Ol ygtybarlylygy üçin 86 bal, bahasy bilen hiliniň gatnaşygy üçin bolsa 7,8 bal aldy. Esasy modeliniň bahasy 70 000 dollardan başlaýar. Bilermenler modeliň ýokary öndürijiligini we takmynan 320 km/sagat tizligini öwdüler.

Porsche Boxster

Porsche Boxster ygtybarlylykda şolbir meňzeş 86 bal bilen dokuzynjy orny eýeledi. Kabriolet bahasynyň hiline laýyk gelşi boýunça 7,9 bal aldy. Kemçilikleriniň arasynda ýükdanynyň kiçi göwrümlidigi we ýygnalýan üçegi sebäpli tehniki hyzmatyň gymmat düşýändigi agzaldy.

Genesis G70

Genesis G70 ygtybarlylygyna berlen 87 bal bilen sekizinji orny eýeledi. Awtoulag reýtingde iň uzak möhletli kepilligi — umumylykda bäş ýyl we hereketlendiriji ulgamy boýunça on ýyl kepillik aldy.

BMW X6

BMW X6 ygtybarlylyk boýunça 89 bal toplap, ýedinji orny eýeledi. Bilermenler onuň dinamikasynyň, kaşaňlygynyň we özboluşly dizaýnynyň eňňit üçek bilen utgaşdyrylyşyna ýokary baha berdiler.

Şewrolet Corvette

Altynjy orun Chevrolet Corvette awtoulagyna berildi. Awtoulag ygtybarlylygy üçin 89 bal alyp, “oňat” baha mynasyp bolan ilkinji awtoulag boldy. Onuň artykmaçlyklarynyň arasynda takyk dolandyrylmagy we sport awtoulagy üçin giň ýükdan bar.

Cadillac XT5

Cadillac XT5 ygtybarlylyk boýunça 87 bal alyp, ilkinji bäşligiň üstüni doldurdy. Bilermenler onuň elýeterli başlangyç bahasynyň, amalylygynyň we deňeşdirilende pes tehniki hyzmat çykdajylarynyň utgaşmasyna ýokary baha berdiler.

Porsche 911

Porsche 911 ygtybarlylyk derejesine berlen 91 bal bilen dördünji orny eýeledi. Bahalary 120 100 dollardan başlaýar, käbir modelleri bolsa 250 000 dollardan geçýär. Bilermenler 911-i dolandyryş we öndürijilik babatda iň gowy sport awtoulaglarynyň biri diýip atlandyrdylar.

Cadillac CT4

Cadillac CT4 üçünji orny eýeledi. Ol ygtybarlylykda 86 bal gazandy we reýtingde başlangyç bahasy 34 995 dollar bolan iň elýeterli awtoulag boldy. Köp bäsdeşleri ýaly, ol hem dört ýyllyk kepillik bilen gelýär, şol sanda hereketlendirijisiniň alty ýyllyk kepilligi bar.

CT4-iň esasy gowşak tarapy içki bezegidir. Onuň bezeginiň hili kiçijik kaşaň awtoulaglaryň köpüsinden ep-esli pes, ýükdanynyň göwrümi bolsa örän kiçi - bary-ýogy 300 litr. Şeýle-de bolsa, bu klassdaky awtoulag üçin şeýle arzan baha köp sürüjiler üçin bu kemçiliklerden üstün gelýär.

Lexus ES

Ikinji orny Lexus ES eýeledi. Ol ygtybarlylygy üçin 89 bal we baha-hil gatnaşygy üçin iň gowy 9,2 bal aldy. Ol köp sanly kaşaň awtoulaglar üçin standart bolan dört ýyllyk kepillik we hereketlendiriji ulgamy üçin alty ýyllyk kepillik bilen gelýär. Başlangyç bahasy 42 000 dollar.

Esasy ES wersiýasy dinamiki sürüş üçin niýetlenen däl. Standart 203 at güýçli dört silindrli hereketlendiriji ýeterlik güýç berýär, ýöne bilermenlerde aýratyn gyzyklanma döretmeýär we asma ulgamy ýumşak, çeýe sürüş üçin sazlanan bolup, çalt sürüşe garanda uzak aralyga sürmeklige has laýyk gelýär.

Lexus IS

Lexus IS 91 ball ygtybarlylyk we 7,9 ball baha-hil gatnaşygy bilen reýtingde birinji orny eýeledi. Awtoulaga Lexus-yň standart dört ýyl kepilligi we alty ýyl hereketlendiriji kepilligi berilýär.

IS tehnologiýa taýdan has ösen bäsdeşleri bilen bäsleşýän kiçeňräk kaşaň sedandyr. Ol oňaýly oturgyçlary, özüne çekiji dolandyryşy we ygtybarlylygy, gowy dizaýn edilen salony bilen tapawutlanýar.

Bilermenler eýeçilik çykdajylarynyň, deňeşdirilende, pesdigini hem nygtaýarlar.


şu gün 10:28
208

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
5.5k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

15.06.2026 10:41
2.2k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......