Porsche 911 Turbo-nyň hereketlendirijisini indi özbaşdak ýygnap bolýar: hereketlendirijiniň görnüşinde konstruktor çykaryldy

  • 05.07.2025 19:05
  • 5.2k+

Germaniýaly Franzis kompaniýasy Porsche 911 Turbo (930) modeliniň hereketlendirijisiniň görnüşinde özbaşdak ýygnamaga niýetlenen uly konstruktory hödürledi. Ol 250 detaldan ybarat bolup, Porsche-niň meşhur turbinaly hereketlendirijisini täzeden janlandyrýar.

Bellenmegine görä, ähli elementler Porsche-niň arhiw çyzgylaryna görä taýýarlanypdyr. Ýygnalan hereketlendiriji iş prinsiplerini görkezýär. Modeliň açyk korpusy arkaly porşenleriň, klapanlaryň we beýleki içki mehanizmleriň hereketini synlap bolýar. Uçgun dörediji sweçlere LED yşyklar ýerleşdirilen, olar hereketlendirijniň «ot alyş» pursady bilen sinhron ýagtylanýar. Mundan başga-da, gurluşda daşarky gürleýjilere birikdirmäge ukyply, hakyky hereketlendirijiniň sesini gaýtalaýan ses moduly hem bar.

Franzis kompaniýasy konstruktory ýygnamak üçin ýelimiň ýa-da boýagyň gerek däldigini belläp geçýär. Işläp düzüjileriň bahalandyrmasyna görä, konstruktory doly ýygnamak prosesi 3-4 sagada çekýär. Taýýar modeliň ölçegi, takmynan, 35×30×30 santimetr bolýar. Ol konstruktoryň düzümindäki ýörite postamentiň üstünde goýlubam bilner.
Kompaniýa topluma şeýle hem hereketlendirijiniň işlenip düzüliş taryhyny we Porsche-niň arhiw suratlaryny öz içine alýan bukleti hem goşýar.


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....