Täze Porsche Cayenne Coupe 100 km/sag tizlige 2,4 sekuntda ýetýär

  • 25.04.2026 09:56
  • 2.1k+

Porsche kompaniýasy Cayenne krossoweriniň kupe kuzowyndaky elektrik görnüşini tanyşdyrdy. Bu model tomsuň ahyrynda dünýä bazaryna üç görnüşde çykar we onuň bahasy 113 800 dollardan başlar.

Iň ýokary Turbo wersiýasy 1139 at güýji bilen 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,4 sekuntda ýetýär. Deslapky maglumatlara görä, awtomobil bir zarýadda, takmynan, 580 km ýol geçip bilýär. Şol bir wagtyň özünde, bu model azyndan 2030-njy ýyla çenli benzinli we gibrid nusgalary bilen parallel öndüriler.

Kupe ýapgyt üçek çyzygy bolan dört gapyly krossower görnüşinde ýasaldy. Ol Cayenne elektrik modelleriniň hataryna goşuldy. Bu seriýada eýýäm binýatlyk wersiýa, S we Turbo görnüşleri bar.

Alyjylara saýlamak üçin üç görnüş hödürlener: kuwwaty 435 at güýjüne çenli bolan we 100 km/sag tizlige 4,5 sekuntda ýetýän binýatlyk nusga, S we iň ýokary görnüşli Turbo wersiýalary. Soňkusynyň iň ýokary tizligi 261 km/sag ýetýär. Goşmaça tölege ýeňilleşdirilen elementleri we karbon üçegi bolan sport bukjasyny hem sargyt edip bolýar.

Ähli wersiýalar 800 woltlyk ulgam, pnewmatik asma (podweska) bilen enjamlaşdyrylandyr we olar NACS standartyny hem-de üýtgeýän togy goldaýar. Has uly tekerler oturdylanda, hakyky geçiş aralygy, takmynan, 10% azalyp biler.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....