Täze 1139 at güýjüni berýän Cayenne “ähli döwrüň iň kuwwatly önümçilik Porsche-si” boldy

  • 21.11.2025 12:25
  • 3.7k+

Porsche resmi taýdan Cayenne Electric awtoulagyny hödürledi. Kompaniýa ony markanyň iň kuwwatly önümçilik awtomobili diýip atlandyrýar.

Awtoulagyň kuwwaty 1139 at güýjüne ýetýär, 60 milýa/sag (97 km/sag) çenli tizligi artdyrma 2,4 sekunt wagt alýar. Bu model Cayenne-niň benzin we gibrid görnüşleriniň üstüni ýetirdi.
Tanyşdyrylyş Porsche üçin kyn döwürde geçirildi: kompaniýa amerikan paçlary we hytaý awtoöndürijileri tarapyndan baha bäsdeşligi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Üçünji çärýekde kompaniýanyň operasion ýitgileri 1,1 mlrd dollar boldy. Brend täze elektrik SUV ulagy bilen ýagdaýy üýtgetmäge çalyşýar.
Cayenne Electric 850 kWt çenli kuwwatly hereketlendirijä, 260 km/sag iň ýokary tizlige we 113 kWt/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy. Ol 400 kWt çenli zarýad alşy goldaýar, bu hem 18 minutda 10-dan 80%-e çenli zarýad almaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, model ilkinji gezek 11 kWt simsiz zarýady hödürleýär.
Awtomobil Active Ride gidrawlik asgyjy, adaptiw pnewmatik asgyç bilen üpjün edildi we 3,5 tonna çenli agramly tirkegi çekip bilýär. Salonda uly we dik Flow Display ekrany, OLED enjam paneli we ýolagçy üçin displeý oturdyldy. Şeýle-de, elektromobil proýeksiýa displeýine eýe boldy. Ol şekili “ulagdan 10 metr öňde 87 dýuýmlyk ekranda görýän ýaly” görkezýär.
Satuwyň başynda iki görnüş elýeterli: 111 350 dollara Cayenne Electric we 165 350 dollara Cayenne Turbo Electric. Elektromobil sargyt etmek üçin eýýäm elýeterli, üpjünçiligiň bolsa 2026-njy ýylyň tomsunda başlamagyna garaşylýar. 


29.05.2026 11:37
2.9k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.5k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....