Maserati bir ýylda Porsche-niň 11 günde satanyndan hem az ulag satdy

  • 02.03.2026 18:25
  • 2.5k+

Maserati kompaniýasy 2025-nji ýyly satuwlaryň düýpli pese düşmegi bilen tamamlady. Carscoops neşiriniň bellemegine görä, 12 aýyň dowamynda bütin dünýäde bary-ýogy 7,9 müň awtomobil satyldy. Bu mukdar Porsche-niň takmynan 11 günde satýan ulaglarynyň sanyna barabardyr. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende satuwlar 30% azaldy.

2024-nji ýylda Maserati 11,3 müň ulag satypdy. Deňeşdirmek üçin: 2021-nji we 2023-nji ýyllar aralygynda Maserati her ýyl ortaça 25 müňe golaý awtomobil satýardy. Kompaniýanyň taryhynda iň şowly ýyl 2017-nji ýyl bolup, şonda isleg 51,5 müň ulaga ýetipdi. Satuwlaryň ilkinji düýpli peselmesi 2024-nji ýylda bolup geçdi (57% aşaklama), 2025-nji ýylda bolsa pese düşme az-kem haýallasa-da, düýpli bolmagynda galdy.

Kompaniýanyň ýyllyk girdejisi 1,04 milliard ýewrodan 726 million ýewra çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine (NIOKR) çykdajylaryň azaldylmagy netijesinde zyýanyň mukdary 198 million ýewra çenli peseldi. Kompaniýa bu agyr ýagdaýy Ghibli we Levante modelleriniň önümçilikden aýrylmagy, ABŞ-nyň gümrük paçlary we Hytaýda islegiň peselmegi bilen düşündirýär.

Beýleki markalar bilen deňeşdirip görsek, 2025-nji ýylda Porsche - 279,4 müň ulag, Ferrari – 13,6 müň ulag, Lamborghini – 10,7 müň ulag, Maserati – 7,9 müň ulag satdy.


23.06.2026 08:37
7.6k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.9k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2.3k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......