Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi

  • 16.10.2025 09:14
  • 2.8k+

Nvidia kompaniýasy JCustom modderi bilen bilelikde gönüden-göni Porsche 911 superkarynyň tigirine oturdylan özboluşly oýun kompýuterini hödürledi. Kompýuteri işletmek üçin hakyky awtomobil brelogy ulanylýar, suw blogunda bolsa ulagyň kiçijik nusgasy oturdyldy. Korpusda Porsche-niň logotipi bar, içinde bolsa GeForce RTX 5080 Founders Edition wideokartynyň esasynda ýokary derejeli komponentler oturdyldy.

Esas hökmünde işläp düzüjiler 750 dollarlyk HRE FF21 diskini aldy we ony Porsche-niň 911 we Cayman modelleri üçin mahsus bolan Python Green reňkine boýady. Teker keýeleriniň aňyrsynda ROG Maximus Z890 Hero platasy, Intel Core Ultra 9 285K prosessory we 32 GB TEAMGROUP Xtreem ARGB DDR5-7200 operatiw ýady ýerleşdirildi. Ähli simler tertipli gizlendi, şonuň üçin daşyndan kompýuter hakyky awtomobil tekeri ýaly görünýär.
Ähli enjamlaryň tekere sygmandygy üçin işläp düzüjiler sowadyş ulgamyny we beýleki komponentleri gizlemek üçin ýörite esas döretdi. Onda Porsche nyşany, maglumatlary görkezmek üçin kiçi displeý we GeForce Garage nyşany ýerleşdirildi.
Öndürijilik barada aýdylanda, Nvidia Cyberpunk 2077-de iň ýokary sazlamalar bilen gurluşyň 160-170 FPS berýändigini nygtaýar. Borderlands-da 4K bilen DLSS işjeň bolan ýagdaýynda-da netije şeýle. Forza Horizon 5-de bolsa kompýuter sekuntda 200 kadry durnukly saklaýar. 


29.05.2026 11:37
2.7k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.2k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....