Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy
Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....
Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....
Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi...
Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...
Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...
Forbes žurnaly ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýaşap ýören 250 sany iň beýik amerikan täzelikçileriniň reýtingini çap etdi. Sanawyň ilkinji iki ornuny Ilon Mask we Jeff Bezos eýeledi. Bu reýting neşiriň bir ýyllyk ýörite materiallar tapgyrynyň çäginde taýýarlandy...
Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...
Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...
Nvidia kompaniýasy howa şertlerini iki hepde öňünden takyk çaklamak üçin niýetlenen, açyk kodly "Earth 2" ulgamyny işe girizdi. Bu platforma meteorologik maglumatlaryň işlenilmegini çaltlaşdyrmak üçin birnäçe emeli aň modelini özünde jemleýär...
Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...
Nvidia kompaniýasy özüniň 33 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek marketing boýunça müdiri işe aldy. 2026-njy ýylyň fewralyndan başlap bu wezipäni Elison Wagonfeld eýelär we ol kompaniýanyň tutuş marketing hem korporatiw kommunikasiýalar ulgamyna jogap berer diýip, Tom’s Hardware habar berýär...
Nvidia tehnologiýalaryna esaslanýan we 4-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan robotaksiler geljek ýyl ýollara çykar. CNBC neşiriniň habar bermegine görä, SAE klassifikasiýasy boýunça 4-nji derejeli awtopilot köp ýagdaýlarda adamyň gatnaşmagyny talap etmeýär...
Grafiki çip öndürijisi Nvidia Corp. dolandyryş hili boýunça iň gowy amerikan kompaniýalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýting The Wall Street Journal neşiri üçin Klermont uniwersitetiniň Draker instituty tarapyndan düzüldi...
2025-nji ýylda dünýäde iň uly girdejileri häzirem tehnologiýa, maliýe we energetika pudaklarynyň kompaniýalary gazanmagyny dowam etdirýär. Dünýäniň iň girdejili kompaniýalarynyň reýtinginiň ýokary orunlaryny Alphabet, Apple we Microsoft tehnologiýa korporasiýalary eýeledi...
Nvidia, Netflix we Apple işgär başyna düşýän girdejiniň ululygy boýunça tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda öňdebaryjylar boldy. Şeýle statistikany OnDeck kompaniýasy hödürledi. Işgär başyna girdeji (RPE) kompaniýanyň işiniň netijeliliginiň giňden ýaýran görkezijisi bolup, işçi güýjüniň öndürijiligine baha bermek üçin ulanylýar...
Robotlaşdyrylan taksi bazarynda täze iri taslama peýda bolýar. Stellantis, Nvidia, Foxconn we Uber özbaşdak hereket edýän awtoulaglary döretmek we önümçilige goýbermek boýunça bilelikdäki başlangyjy yglan etdiler...
Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...
Amerikan grafiki prosessor işläp düzüjisi Nvidia-nyň bazar bahasy bäş trillion dollardan geçdi. Netijede, ol taryhda şeýle kapitalizasiýa ýeten ilkinji kompaniýa boldy. 29-njy oktýabrda NASDAQ biržasynda söwdanyň açylyşynda Nvidia-nyň paýnamalary tas 5%, bir paý üçin 210 dollara çenli ýokarlandy, bu hem kompaniýa kapitalizasiýa boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi...
Apple korporasiýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi, muňa Nasdaq biržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu kompaniýany Nvidia bilen Microsoft-dan soň taryhda şeýle derejä ýetmegi başaran üçünji kompaniýa edýär...
Asus “emeli aňly şahsy superkompýuter” diýlip atlandyrylýan Ascent GX10 mini-PK-syny hödürledi. Onuň ölçegi bary-ýogy 14,7 × 14,7 × 5,2 sm bolsa-da, ol ýokary hasaplaýyş güýjüne eýedir. Ulgam 10 sany Cortex-A925 ýadrosyny we 10 sany Cortex-A725 ýadrosyny öz içine alýan Nvidia GB10 çibine esaslanýar...
Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär...
Nvidia kompaniýasy JCustom modderi bilen bilelikde gönüden-göni Porsche 911 superkarynyň tigirine oturdylan özboluşly oýun kompýuterini hödürledi. Kompýuteri işletmek üçin hakyky awtomobil brelogy ulanylýar, suw blogunda bolsa ulagyň kiçijik nusgasy oturdyldy...
ABŞ-nyň sekiz sany iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy bahasy 21 trln dollardan geçdi. Nvidia-nyň paýnamalarynyň pese gaçandygyna garamazdan, bir hepdede olaryň bazar bahasy 420 mlrd dollar ýokarlandy. Indi bu kompaniýalar S&P 500 indeksiniň, takmynan, 36%-ini emele getirýär diýip, CNBC habar berýär...
Microsoft kompanivasy, Nvidia-dan soň, bazar bahasy 4 trillion dollardan geçen dünýäde ikinji kompaniýa boldy. Bu üstünlik kompaniýanyň Wall Street analitikleriniň garaşyşyndan ýokary bolan çärýekleýin hasabatyny çap etmeginiň yzýany boldy diýip, Bloomberg belleýär...
Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji ýediligine girip, Uorren Baffetden we Stiw Balmerden öňe geçdi. Bu barada Fortune reýtingine salgylanyp, CNBC habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Huangyň baýlygy 143,6 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar...
9-njy iýulda Nvidia bazar bahasy 4 trln dollardan geçen taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy. Nasdaq söwdasynda amerikan mikroçip öndürijisiniň paýnamalary bir paý üçin 164,2 dollara ýetdi, bu hem kompaniýa öň ýetilmedik görkezijä ýetmäge mümkinçilik berdi...
Nvidia bazar bahasy boýunça ýene-de dünýäniň iň uly kompaniýasy boldy. Şu hepde onuň bazar bahasy 3,45 trln dollara ýetdi we netijede Microsoft-dan öňe geçdi. CNBC-niň habar bermegine görä, Microsoft söwda sessiýasyny 3,44 trln dollar görkeziji bilen ýapdy...
Kantar analitiki kompaniýasy her ýylky BrandZ reýtingini hödürledi. Dünýäniň iň gymmat brendleriniň arasynda birinji orny Apple saklap galdy. Onuň bahasy 28% ýokarlanyp, 1,3 trln dollara ýetdi. Bu ilkinji 100-lüge girýän ähli kompaniýalaryň umumy bahasynyň 12%-den gowragydyr...
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda birnäçe uly tehnologiýa şertnamalary baglaşyldy. Bu hem Ýakyn Gündogarda amerikan çip öndürijileriniň ornuny güýçlendirdi. Nvidia we AMD kompaniýalary onlarça milliard dollarlyk önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazandy...
Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy...
Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi...
Huawei Şençžende emeli aň üçin çip öndürjek uly zawodyň gurluşygyna başlady. Kompaniýa daşarky üpjün edijilerden garaşsyz bolmagy we öz EA çözgütleriniň önümçilik prosesini gözegçilikde saklamagy maksat edinýär...
Emeli aňyň çalt ösmegi netijesinde bazar bahasy 3 trillion dollara ýeten Nvidia kompaniýasy baş direktory Jensen Huangyň aýlygyny ep-esli artdyrdy. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasyna (SEC) tabşyrylan täze resminama görä, Huangyň esasy zähmet haky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek 50% ýokarlandy, indi onuň aýlyk haky 1,5 million dollar boldy...
Nvidia 2024-nji ýylyň girdejisi boýunça dünýäde iň uly ýarymgeçiriji öndürijisi bolmak bilen, ilkinji gezek Samsung Electronics-den öňe geçdi. Gartner-iň berýän maglumatlaryna görä, Nvidia-nyň girdejisi 120% ösüp...
Nvidia kompaniýasy umumy üpjünçiligiň peselendigine garamazdan, wideokarta bazaryndaky paýyny artdyrdy. «Jon Peddie Research» gözleg firmasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa OEM...
Nvidia kompaniýasy “Ýyldyz söweşleri” (Звёздные войны) franşizasyndaky droidlere meňzeş Blue robotyny hödürledi. Tanyşdyrylyş GTC 2025 konferensiýasynda geçirildi. Robot The Walt Disney Company we Google Deep Mind bilen...
OpenAI we Oracle kompaniýalary Stargate taslamasynyň çäginde Tehasda maglumat merkeziniň gurluşygyna başlady. Öňümizdäki aýlarda Nvidia GB200 çipleriniň ilkinji 16 müň sanysy oturdylar, 2026-njy ýyla çenli bolsa...
Meta kompaniýasy emeli aň (EA) ulgamlary üçin serwer infrastrukturasyny güýçlendirmek maksady bilen, düýbi Günorta Koreýada ýerleşýän we EA tizlendirijileri öndürýän FuriosaAI kompaniýasyny satyn almak boýunça...
OpenAI kompaniýasy ýene az wagtdan özüniň ýörite emeli aň (EA) çiplerini işläp düzer we olary TSMC-niň zawodlarynda ösen tehnologiýalar bilen öndürip başlar diýip, Reuters habar berýär. Çipleriň dizaýn tapgyryndan...
Nvidia bir günde bazar bahasyndan, takmynan, 600 mlrd dollar ýitirdi. Bu ABŞ-nyň taryhynda bir günde bolan iň uly pese gaçyşdyr. Çip öndürijisiniň paýnamalary 17% arzanlap, 118,58 dollar derejesinde ýapyldy. Bu...
Duşenbe güni dünýäniň gazna bazarlarynda tehnologiýa pudagynyň paýnamalary ep-esli derejede aşak gaçdy. Munuň sebäbi - Hytaýyň «DeepSeek» atly startapynyň ChatGPT-den (OpenAI) has öňdebaryjy diýlip hasaplanýan...