Nvidia dolandyryş hili boýunça kompaniýalaryň reýtinginde Apple-den öňe geçdi

  • 18.12.2025 13:21
  • 1.9k+

Grafiki çip öndürijisi Nvidia Corp. dolandyryş hili boýunça iň gowy amerikan kompaniýalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýting The Wall Street Journal neşiri üçin Klermont uniwersitetiniň Draker instituty tarapyndan düzüldi.

Ilkinji bäşlikde öňdebaryjynyň yzyndaky orunlary beýleki iri tehnologiýa kompaniýalary eýeledi. Geçen ýylky lider Apple Inc. ikinji orna düşdi, Microsoft Corp. bolsa üçünji ornuny saklady. Sekizinji orundan dördünji orna Alphabet Inc. çykdy, Amazon.com Inc. bolsa on dokuzynjy orundan bäşinji orna geçdi.
Draker institutynyň uly ylmy işgäri Deniel Martin tehnologiýa pudagynyň has uly we has üstünlikli kompaniýalarynyň täze tehnologiýalaryň artykmaçlyklaryndan peýdalanmagy we täze işgärleri çekmegi beýleki kompaniýalardan has gowy başarandygyny belledi.
Şol bir wagtyň özünde, IT kompaniýalarynyň ählisi reýtingde üstünlik görkezmedi. Ilkinji ýigrimilikde geçen ýylky on bir kompaniýa bilen deňeşdirilende sekiz kompaniýa galdy. Hususan-da, Intel Corp. dördünji orundan 25-nji, Adobe Inc. bolsa dokuzynjydan 28-nji orna düşdi.
Şeýle-de, dolandyryş hili ýokary bolan kompaniýalaryň onlugyna Mastercard Inc., Procter & Gamble Co., International Business Machines, Johnson & Johnson we Caterpillar hem girdi.
Reýting düzülende 668 kompaniýa seljerildi we olara müşderileriň kanagatlylyk derejesi, täze işgärleri çekmek, innowasiýalar, maliýe durnuklylygy ýaly 34 görkeziji boýunça baha berildi. 


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......