Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

  • şu gün 14:20
  • 584

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy.

«Gymmatlama — gutulgysyz. Biz çykdajylaryň artmagyny peseltmek we müşderilerimizi bu gymmatlamadan goramak üçin elimizde baryny edýäris, ýöne ýagdaý durnuksyz bolup başlady» – diýip, Kuk «The Wall Street Journal» neşirine beren interwýusynda belledi.

Şol bir wagtyň özünde, ol anyk haýsy enjamlaryň bahasynyň galjakdygyny we munuň haçan bolup geçjekdigini aýtmady.

«TechInsights» barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, eger düzüm bölekleriniň bahasynyň artmagy dolulygyna sarp edijileriň üstüne ýüklenilse, onda indiki iPhone Pro modeli özünden öňkülerden, takmynan, 270 dollar gymmat bolup biler.

Kuk emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi netijesinde ýokary islegden peýdalanýan DRAM ýat modullarynyň bahasynyň artmagyna aýratyn ünsi çekdi.

«Sarp ediş harytlary üçin ýadyň bahasynyň we hödürlemäniň kadaly derejelere dolanmagy biz üçin diýseň zerur. Esasy mesele şundadyr» – diýip, ol nygtady.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Apple-iň ýat çipleriniň üpjünçiligini giňeltmek üçin özüniň maliýe serişdelerini ulanmaga taýýardygyny, ýöne şeýle komponentleriň şahsy önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirmeýändigini habar berdi.

Ýatlap geçsek, Tim Kuk 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Apple kompaniýasynyň baş direktory wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär, Kukuň özi bolsa kompaniýanyň ýerine ýetiriji başlygy wezipesine geçer.


10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......