LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

  • 02.06.2026 12:08
  • 2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika we emeli aň ugurlaryndaky meýilnamalaryna bolan gyzyklanmasynyň artmagy bilen baglydyr.

​Bu hojalyk tehnikalaryny öndürijiniň paýnamalary geçen ýyl Koreýanyň emeli aň çipleri gopguny bilen bagly bazardaky umumy ösüşinden yza galan hem bolsa, soňky aýlarda olar örän çalt gymmatlap başlady. Duşenbe güni bolsa paýnamalar eýýäm ikinji gün söwda sessiýasynda rugsat edilýän iň ýokary çäk bolan 30 göterimlik ösüş görkezdi. Muňa LG Group kompaniýasynyň başlygy Ku Kwan Monuň 5-nji iýunda Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang bilen duşuşjakdygy baradaky habarlar sebäp boldy.

​LG-niň paýnamalaryna bolan gyzyklanma, maýadarlaryň çip öndürýän kompaniýalaryň paýnamalarynyň aşa gymmatlamagyndan gorkup, emeli aň pudagynda gazanç etmek üçin täze mümkinçilikleri gözleýändigini görkezýär. Şol bir wagtda Nvidia-nyň ýolbaşçysy hem kompaniýanyň robototehnikany we sürüjisiz ulaglary öz içine alýan fiziki emeli aň çäklerindäki işjeňligini giňeltmek ugrunda işleýär.

​Seuldaky «NH Investment & Securities» guramasynyň Koreýa aksiýalary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Şon O-nuň aýdyşy ýaly, Nvidia-nyň we LG-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy hakyky emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdiriler.

​«Bu hyzmatdaşlyk LG Group-yň beýleki şereketleri bolan LG Innotek we LG Uplus ýaly kompaniýalaryna hem ýaýrap biler» diýip, ol belleýär.

​Şu habarlaryň täsirinde duşenbe güni LG CNS kompaniýasynyň paýnamalary 29%, LG Corp. — 26%, LG Innotek — 23%, LG Uplus bolsa 17% ýokarlandy.

Bu gymmatly kagyzlaryň öz taryhyndaky iň ýokary görkeziji täzeleýşidir.


şu gün 08:33
2.2k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

düýn 21:59
1.8k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.5k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....