Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

  • 14.05.2026 18:54
  • 6k+

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy.

13-nji maýda geçirilen söwdalarda emeli aň (EA) çiplerini öndürijiniň paýnamalary takmynan 3% ýokarlandy. Bahalaryň gymmatlamagy Nvidia-nyň ýolbaşçysy Jensen Huanyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaýa boljak saparyna goşulmagy we ol ýerde HHR-iň başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleriň geçirilmegine garaşylmagy bilen baglanyşdyrylýar.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Tramp Huany wekiliýetiň düzümine «iň soňky pursatda» goşupdyr.

Bu ösüşiň netijesinde Nvidia beýleki tehnologiýa äleminiň ägirtlerinden arany has-da açdy: Google: takmynan 4,7 trillion dollar; Apple: 4,3 trillion dollar.

Soňky bir aýyň dowamynda Nvidia-nyň paýnamalary takmynan 20% ýokarlandy. Mart aýynyň ahyrynda paýnamalar 165 dollar töweregi bahadan satylan bolsa, häzirki wagtda olaryň bahasy 220 dollardan geçýär. Ýyllyk hasapda ösüş takmynan 74%-e deňdir.

Çaklamalara görä, Huanyň şahsy baýlygy takmynan 5,4 milliard dollar artyp, 196 milliard dollara ýetdi.

Maýadarlar emeli aň infrastrukturasyna bolan islegiň artmagyna garaşýarlar. Geljek hepde Nvidia özüniň çärýeklik hasabatyny çap eder. Kompaniýa girdejisiniň geçen çärýekdäki 68 milliard dollardan 78 milliard dollara çenli ýokarlanmagyna garaşýar. Bellenişi ýaly, girdejiniň 91%-inden gowragyny maglumat merkezleri we EA-tizlendirijileri üpjün edýär.

Ösüşiň goşmaça faktory hökmünde iri IT-kompaniýalaryň EA taslamalaryna goýýan maýa goýumlary görkezilýär. Mysal üçin, Meta kompaniýasy hasaplama güýçlerini we EA-infrastrukturasyny ösdürmek üçin 125 milliard dollardan 145 milliard dollara çenli serişde sarp etmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......