Nvidia-nyň täze wideokartasy çylşyrymly parollary döwmegi has-da tizleşdirýär

  • 14.05.2025 16:07
  • 4.2k+

Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy.

Synagyň netijesine görä, sekiz sany sifrden ybarat açar sözi döwmek üçin, 15 minut gerek bolýar. Eger açar sözi diňe setir harplardan ybarat bolsa, bu proses, takmynan, üç hepdä çekýär. Açar sözünde san bilen harp bilelikde ulanylsa – 62 ýyl gerek bolýar. Iň berk açar sözleri bolsa, dürli belgileriň, sifrleriň we baş-setir harplaryň utgaşmalaryndan ybarat bolanlardyr – olary döwmek üçin, takmynan, 164 ýyl gerek bolýar.
Öňki RTX 4090 modeli bilen deňeşdirilende, täze RTX 5090 ortaça 33% ýokary öndürijilik görkezýär. Emma iň çylşyrymly açar sözlerini döwmekdäki tizligi iki esse artýar: ozal 2 müň ýyl gerek bolsa, indi, takmynan, 1 müň ýyla çekýär.
Hive Systems kompaniýasy hakyky howpuň diňe hüjümçileriň elinde heşirlenen açar sözleri bazasy bolanda ýüze çykýandygyny belleýär. Muňa garamazdan, «1234» ýa-da «qwerty» ýaly ýönekeý we giňden ulanylýan açar sözleri birnäçe sekuntda çözülýär. Hünärmenler maglumatlary ygtybarly goramak üçin, uzyn we çylşyrymly açar sözlerini ulanmagy maslahat berýärler.


15.02.2026 20:53
4.7k+

Forbes Masky we Bezosy ABŞ-nyň iň beýik täzelikçileri diýip yglan etdi

​Forbes žurnaly ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýaşap ýören 250 sany iň beýik amerikan täzelikçileriniň reýtingini çap etdi. Sanawyň ilkinji iki ornuny Ilon Mask we Jeff Bezos eýeledi. Bu reýting neşiriň bir ýyllyk ýörite materiallar tapgyrynyň çäginde taýýarlandy...

24.10.2025 16:50
2.1k+

Asus kompaniýasy Nvidia-nyň kuwwatly çibi bilen mini-PK hödürledi

Asus “emeli aňly şahsy superkompýuter” diýlip atlandyrylýan Ascent GX10 mini-PK-syny hödürledi. Onuň ölçegi bary-ýogy 14,7 × 14,7 × 5,2 sm bolsa-da, ol ýokary hasaplaýyş güýjüne eýedir. Ulgam 10 sany Cortex-A925 ýadrosyny we 10 sany Cortex-A725 ýadrosyny öz içine alýan Nvidia GB10 çibine esaslanýar...

17.10.2025 00:19
2.8k+

Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi

Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär...

25.06.2025 10:13
4.5k+

Russiýada emeli aňyň döreden mazmunlaryny tapawutlandyrmaga kömek etjek tehnologiýa döredildi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ulgam programmirleme instituty emeli aňyň kömegi bilen döredilen mazmuny awtomatiki bilgilemäge ukyply ulgamy döretdi diýip, RIA Nowosti habar berýär. Tehnologiýa, adamlar üçin görünmeýän, ýöne kompýuterler tarapyndan aňsat tanalýan sanly bellikleri ulanýar...