Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi

  • 17.10.2025 00:19
  • 2.7k+

Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär.

Ýöne DGX Spark adaty ulanyjylar üçin däl-de, emeli aň bilen işleşýän işläp düzüjiler, ylmy gözlegçiler we talyplar üçin niýetlenýär. Onuň kömegi bilen has çylşyrymly modelleri gönüden-göni kompýuteriň özünde işledip bolýar.
DGX Spark 20 ýadroly Grace prosessory bilen CUDA ýadroly Blackwell grafiki prosessoryny birleşdirýän GB10 Grace Blackwell super-çibi bilen enjamlaşdyryldy. Bäşinji nesil tenzor ýadrosy we FP4-üň goldawy bilen kompýuter sekuntda 1000 trln çenli EA-hasaplaýyş amallaryny ýerine ýetirip bilýär.
Superkompýuter 128 GB LPDDR5x ýadyna, 4 TB içki saklaýja, dört USB-C portuna, Wi-Fi 7-ä we HDMI portuna eýe boldy. Ol NVIDIA DGX operasion ulgamynyň dolandyrmagynda işleýär.
DGX Spark kompaniýanyň Cosmos Reason (daşky dünýäni modelirlemek üçin) we GR00T N1 (robototehnika üçin) ýaly modelleri bilen doly gabat gelýär. Ony özbaşdak iş stansiýasy hökmünde ulanmak ýa-da has göwrümli meseleler üçin Nvidia DGX bulut infrastrukturasyna birikdirmek bolýar. 


24.10.2025 16:50
2.1k+

Asus kompaniýasy Nvidia-nyň kuwwatly çibi bilen mini-PK hödürledi

Asus “emeli aňly şahsy superkompýuter” diýlip atlandyrylýan Ascent GX10 mini-PK-syny hödürledi. Onuň ölçegi bary-ýogy 14,7 × 14,7 × 5,2 sm bolsa-da, ol ýokary hasaplaýyş güýjüne eýedir. Ulgam 10 sany Cortex-A925 ýadrosyny we 10 sany Cortex-A725 ýadrosyny öz içine alýan Nvidia GB10 çibine esaslanýar...

14.05.2025 16:07
4.1k+

Nvidia-nyň täze wideokartasy çylşyrymly parollary döwmegi has-da tizleşdirýär

Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy...

06.01.2025 16:13
3.5k+

Nvidia sungat eseri ýaly bezelen wideo kartalary utuşly sowgat hökmünde taýýarlady

Nvidia IT pudagynyň taryhy bilen gyzyklanýan kollektorlar üçin adaty bolmadyk mahabat kampaniýasyny geçirýär. Las-Wegasda geçiriljek CES 2025 sergisiniň öňüsyrasynda kompaniýa sungat eserleri mysaly işlenip düzülen...

04.12.2025 23:54
1.1k+

Google 2027-nji ýylda maglumat merkezlerini kosmosda gurup başlar

Google eýýäm 2027-nji ýylda kosmos giňişliginde maglumat merkezleriniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýär. Suncatcher atly taslama köp energiýa sarp edýän maglumat merkezlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin Gün energiýasyny has netijeli ulanmagy maksat edinýär diýip, Google-yň baş direktory Sundar Piçai habar berdi...