Forbes Masky we Bezosy ABŞ-nyň iň beýik täzelikçileri diýip yglan etdi

  • 15.02.2026 20:53
  • 5k+

​Forbes žurnaly ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýaşap ýören 250 sany iň beýik amerikan täzelikçileriniň reýtingini çap etdi. Sanawyň ilkinji iki ornuny Ilon Mask we Jeff Bezos eýeledi. Bu reýting neşiriň bir ýyllyk ýörite materiallar tapgyrynyň çäginde taýýarlandy.

​Ilon Mask sanawyň başyny çekýär. Forbes-iň bellemegine görä, ol «taryhda noldan bäş sany kompaniýa esaslandyran ýa-da ösdüren ýeke-täk adamdyr, bu kompaniýalaryň her biri milliardlarça dollar bahalandyrylýar we dürli pudaklarda işleýär». Söhbet Tesla, SpaceX, Neuralink, xAI we The Boring Company barada barýar.
​Ikinji ýerde duran Jeff Bezos, žurnalyň baha bermegine görä, «ABŞ-nyň 7,4 trillion dollarlyk bölek söwdasyny doly düňderdi we soňra Amazon Web Services bilen bulut hasaplamalarynyň pioneri boldy». Häzirki wagtda Bezos Blue Origin kompaniýasynyň NASA-ny Aýa dolamak taslamalaryna gatnaşýar we Prometheus taslamasynda emeli aň esasyndaky önümçilik ulgamlaryny ösdürýär.
​Üçlügi Bill Geýts jemleýär. Forbes şeýle diýip nygtaýar: «Şahsy kompýuterler rewolýusiýasyny başladyp we Microsoft-y ofis programmalarynda agdyklyk ediji güýje öwren Geýts, 50 ýaşynda özüni jomart we maglumatlara esaslanýan filantrop hökmünde täzeden açdy hem-de Hindistanda poliomieliti ýok etmäge kömek etdi».
Dördünji ýerde Jorj Lukas bolup, «Lucasfilm-iň» esaslandyryjysy we kinorežissýor. Ol häzirki zaman blokbasterleriniň «atalarynyň» biri boldy we kino merçandaýzinginde öwrülişik etdi.
Bäşinji orunda «Nvidia» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huang. Forbes-iň ýazmagyna görä, ol grafiki çipler boýunça ýöriteleşen kiçi biznesi emeli aň ykdysadyýetiniň esasyna öwürdi.
​Sanawy düzmekde ChatGPT we Gemini ýaly emeli aň gurallary ulanyldy. Emma ýerleriň iň soňky paýlanyşygyny Forbes-iň redaktorlary kesgitlediler.


09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

03.06.2026 23:03
7.2k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
5.1k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....