Nvidia sungat eseri ýaly bezelen wideo kartalary utuşly sowgat hökmünde taýýarlady

  • 06.01.2025 16:13
  • 3.4k+

Nvidia IT pudagynyň taryhy bilen gyzyklanýan kollektorlar üçin adaty bolmadyk mahabat kampaniýasyny geçirýär. Las-Wegasda geçiriljek CES 2025 sergisiniň öňüsyrasynda kompaniýa sungat eserleri mysaly işlenip düzülen birnäçe seýrek wideo karta üçin utuşly oýun yglan etdi diýip, PCWorld ýazýar.

Grafiki prosessorlar çarçuwa salnyp, hersine Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang gol çekdi.
Birinji baýrak 1999-njy ýylda çykan meşhur GeForce 256 bolar. Kartaly çarçuwada Huangyň enjamy “dünýäniň ilkinji GPU-y” diýip atlandyrýan ýazgysy bar. Bu baýragyň suraty eýýäm X sosial ulgamynda çap edildi.
Nvidia-da jemi bäş wideo kartanyň oýnaljakdygyny tassykladylar. Olaryň modelleri entek gizlin saklanýar, ýöne çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, olaryň arasynda 2006-njy ýylda çykan meşhur GeForce 8800 GTX bolup biler.

"Ol geljekki GeForce RTX 50 seriýasy ýaly güýçli bolman biler, ýöne iki onýyllykdan soň hem kompýuter oýunçylarynyň aňynda möhüm orny eýeleýär" –diýip, çeşme belleýär.

Mahabat 7-11-nji ýanwar aralygynda geçiriljek CES 2025-den öň höwesjeňleriň ünsüni Nvidia-a çekmäge gönükdirilendir. Sergide kompaniýanyň iň soňky işläp taýýarlan önümlerini hödürlemegine garaşylýar.


24.10.2025 16:50
1.8k+

Asus kompaniýasy Nvidia-nyň kuwwatly çibi bilen mini-PK hödürledi

Asus “emeli aňly şahsy superkompýuter” diýlip atlandyrylýan Ascent GX10 mini-PK-syny hödürledi. Onuň ölçegi bary-ýogy 14,7 × 14,7 × 5,2 sm bolsa-da, ol ýokary hasaplaýyş güýjüne eýedir. Ulgam 10 sany Cortex-A925 ýadrosyny we 10 sany Cortex-A725 ýadrosyny öz içine alýan Nvidia GB10 çibine esaslanýar...

17.10.2025 00:19
2.6k+

Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi

Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär...

14.05.2025 16:07
4.1k+

Nvidia-nyň täze wideokartasy çylşyrymly parollary döwmegi has-da tizleşdirýär

Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy...

düýn 15:42
3.1k+

Gara tomzaklar maslyk bilen iýmitlenmekligi 37 million ýyl ozal özleşdiripdir

Takmynan, 37 million ýyl ozal Argentinanyň Patagon peslikleri giň otluklar bilen örtülen bolup, bu ýer gylyç dişli torbalylaryň, äpet guşlaryň hem-de tapirlere we atlara meňzeş uly ot iýiji haýwanlaryň ýaşaýan mekany bolupdyr...