Asus kompaniýasy Nvidia-nyň kuwwatly çibi bilen mini-PK hödürledi

  • 24.10.2025 16:50
  • 2.1k+

Asus “emeli aňly şahsy superkompýuter” diýlip atlandyrylýan Ascent GX10 mini-PK-syny hödürledi. Onuň ölçegi bary-ýogy 14,7 × 14,7 × 5,2 sm bolsa-da, ol ýokary hasaplaýyş güýjüne eýedir.

Ulgam 10 sany Cortex-A925 ýadrosyny we 10 sany Cortex-A725 ýadrosyny öz içine alýan Nvidia GB10 çibine esaslanýar. Onuň öndürijiligi emeli aň bilen işleşilende 1000 teraflopsa ýetýär. Asus täze kompýuteri bulut serwislerine ýüz tutmazdan, göni kompýuteriň özünde emeli aň modelleri bilen işlemek isleýän hünärmenler üçin çözgüt hökmünde hödürleýär.
Ascent GX10 128 GB LPDDR5X operatiw ýadyna we SSD üçin dört sany M.2 2242 NVMe PCIe 4.0 slotyna eýe boldy, bu hem maglumatlara çalt elýeterli bolmagy we saklaýjyny giňeltmekde çeýeligi üpjün edýär.
Inženerler sowadyş ulgamyna aýratyn üns berdi: 140 × 80 mm ululykdaky iki wentilýator howany aşakdan alyp, agyr hasaplamalarda-da netijeli howa akymyny üpjün edýär.
Asus Ascent GX10-uň bahasy we satuwynyň başlanjak senesi entek yglan edilmedi. 


15.02.2026 20:53
4.7k+

Forbes Masky we Bezosy ABŞ-nyň iň beýik täzelikçileri diýip yglan etdi

​Forbes žurnaly ABŞ-nyň 250 ýyllygy mynasybetli häzirki wagtda ýaşap ýören 250 sany iň beýik amerikan täzelikçileriniň reýtingini çap etdi. Sanawyň ilkinji iki ornuny Ilon Mask we Jeff Bezos eýeledi. Bu reýting neşiriň bir ýyllyk ýörite materiallar tapgyrynyň çäginde taýýarlandy...

17.10.2025 00:19
2.8k+

Nvidia 1,2 kg agramly, ýöne örän kuwwatly iň kiçi superkompýuteri döretdi

Nvidia kompaniýasy dünýäde emeli aňly iň kiçi superkompýuteri – DGX Spark-y hödürledi. Onuň agramy bary-ýogy 1,2 kg barabar. Ykjamdygy üçin ony stolda aňsatlyk bilen ýerleşdirip, hatda torbaňda göterip bolýar. Muňa garamazdan, onuň öndürijiligi doly derejeli maglumat merkeziniň mümkinçilikleri bilen deňleşip bilýär...

14.05.2025 16:07
4.2k+

Nvidia-nyň täze wideokartasy çylşyrymly parollary döwmegi has-da tizleşdirýär

Hive Systems kompaniýasy açar sözleri (parol) çaklaýyş tizligini ölçemek üçin, 12 sany GeForce RTX 5090 wideokartasyndan ybarat klasteri synagdan geçirdi. Netijeleri bolsa, «Açar sözleriň tablisasy» atly hasabatda paýlaşdy...

06.01.2025 16:13
3.5k+

Nvidia sungat eseri ýaly bezelen wideo kartalary utuşly sowgat hökmünde taýýarlady

Nvidia IT pudagynyň taryhy bilen gyzyklanýan kollektorlar üçin adaty bolmadyk mahabat kampaniýasyny geçirýär. Las-Wegasda geçiriljek CES 2025 sergisiniň öňüsyrasynda kompaniýa sungat eserleri mysaly işlenip düzülen...