Russiýada emeli aňyň döreden mazmunlaryny tapawutlandyrmaga kömek etjek tehnologiýa döredildi

  • 25.06.2025 10:13
  • 4.6k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ulgam programmirleme instituty emeli aňyň kömegi bilen döredilen mazmuny awtomatiki bilgilemäge ukyply ulgamy döretdi diýip, RIA Nowosti habar berýär. Tehnologiýa, adamlar üçin görünmeýän, ýöne kompýuterler tarapyndan aňsat tanalýan sanly bellikleri ulanýar.

Bellik faýla ýerleşdirilýär we gysylandan ýa-da redaktirlenenden soň hem saklanýar. Bu wideonyň, sesiň ýa-da şekiliň gelip çykyşyny derrew kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, ulgam hakyky materiallardan tapawutlandyrmak kyn bolan dipfeýkleriň ýaýramagy meselesini çözmek üçin döredildi.
Şol bir wagtyň özünde, Döwlet Dumasy galp mazmuny petiklemegi göz öňünde tutýan kanun taslamasyny taýýarlaýar. Deputat Andreý Swinsow galp materiallary ulanmak arkaly töhmet atmak we gorkuzyp talamak ýagdaýlarynyň köpelmegi bilen bagly gyssagly çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Muňa ugurdaşlykda ýurtda hususy başlangyçlar (startaplar) ösýär: MTS AI kompaniýasy 99% takyklygy bilen galplary tanamaga ukyply hyzmaty hödürledi. Ol wideony, sesi we şekilleri hakyky wagtda işe päsgel bermezden derňeýär.
Kezzaplary ýüze çykarmak üçin kiberhowpsuzlygyň hünärmenlerini bu işe çekmegi meýilleşdirýärler. Işläp düzüjileriň berýän maglumatyna görä, Russiýada dipfeýkleri döretmek üçin eýýäm 50 müňden gowrak programma bar.
AI-ni düzgünleşdirmek boýunça çäreler halkara tendensiýalaryna laýyk gelýär. Hytaýda hökmany bellik 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda güýje girer we şuňa meňzeş başlangyçlar ABŞ-da işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bilermenler feýklere garşy göreşmek bilen AI-ni kanuny ulanmagy goldamagyň arasynda deňagramlylygy tapmagyň zerurdygyny bellediler.


16.05.2026 23:58
3.3k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

11.05.2026 23:19
4.5k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......