Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

  • 11.05.2026 23:19
  • 4.6k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer.

Alymlar 7-nji we 10-njy maýda hasaba alnan öňki partlamalaryň arasyndaky üç günlük wagt aralygyna esaslanyp, şeýle netijä geldiler. Olaryň düşündirişinde Gün tegmillerindäki bu toparyň täze energiýa toplamagy üçin edil şonça wagtyň gerek bolýandygy aýdylýar.

Hünärmenler häzirki wagtda Gün diskiniň gyrasyndan merkezine tarap süýşýän bu işjeň sebitiň 13-nji maýa çenli Ýere göni täsir edip biljek zolagyna girjekdigini belleýärler.

Şu hepdede, has takygy, 7-nji we 8-nji maýda Ýerde eýýäm güýji ortaça derejede bolan magnit harasatlary hasaba alyndy. 10-njy maýda bolsa Günüň 4436-njy sebitinde M5.7 klasly (kuwwatlylygy boýunça ikinji ýokary dereje) uly partlama hasaba alyndy. Bu sebit Günüň arkasyndan öwrülip gelip, häzirki wagtda Ýere tarap gönükýär.


düýn 17:37
1.5k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
1.9k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......