Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

  • 03.06.2026 10:42
  • 1k+

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar.

Bu täze önüm enjam we programma üpjünçiligini özünde birleşdirip, täze startap kompaniýalaryna esasy robot tehnologiýalaryny noldan döretmek bilen meşgullanman, ünsi göni programma üpjünçiligine gönükdirmäge  mümkinçilik berer.

Ulgamyň esasynda boýy takmynan 180 santimetr, agramy 68 kilogram bolan Unitree H2 roboty durýar. Ol 22 sany erkinlik derejesine eýe bolan Sharpa emeli eller bilen enjamlaşdyrylandyr. Robot jemi 75 sany erkinlik hereket ugruna eýe. Stereoskopik kamera robota uzynlygyna 140 gradus, dikligine bolsa 102 graduslyk görüş burçuny üpjün edýär. Goşarlaryndaky goşmaça kameralar takyk amallary ýerine ýetirmäge kömek etse, hereketleri öwretmek we sazlamak üçin inersial datçikler hem ulanylýar.

Gollardaky ýerine ýetiriji mehanizmleriň aýlama pursady 120 N·m, aýaklaryňky bolsa 360 N·m ýetýär. Robot 7 kilogramdan 15 kilograma çenli agramy bolan ýükleri götermäge ukyplydyr. Hasaplaýyş platformasy 14 ýadroly Arm prosessory we FP4 hasaplamalarynda 2070 teraflopsa çenli öndürijiligi üpjün edýän Blackwell grafik prosessory bolan Nvidia Jetson AGX Thor T5000 çipine esaslanýar. Ulgam 128 Gbaýt birleşdirilen ýat bilen enjamlaşdyrylyp, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.2, Ethernet we USB ýaly aragatnaşyk görnüşlerini goldaýar.

Programma bölegi Isaac Teleop, Isaac GR00T, Isaac Sim, Isaac Lab we Isaac ROS ýaly gurallary öz içine alýar. Olar robota täze endikleri öwretmek, modelirlemek we soňra programma üpjünçiligini robotlarda işledip görmek üçin niýetlenendir. Unitree kompaniýasy enjam platformasyny şu ýylyň ahyrynda ugradyp başlamagy meýilleşdirýär, müşderiler bolsa bu hödürlemeden 2026-njy ýylyň ahyryndan başlap doly peýdalanyp bilerler.

Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huang hem Computex 2026 sergisinde beren beýanatynda kompaniýanyň ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Günorta Koreýanyň robot ýasaýjylary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.


18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

15.06.2026 12:29
1.3k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

14.06.2026 11:23
3.8k+

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......