Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

  • düýn 11:23
  • 3.2k+

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat modullarynyň bahasynyň rekord derejede gymmatlamagy bilen düşündirýär.

Kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, öňler telefonuň özüne düşýän gymmatynyň esasy bölegini prosessorlar we ekranlar düzýän bolsa, häzir käbir modellerde ýat şaýlary önümçilik çykdajylarynyň ýarysyndan gowragyny tutýar. Mysal üçin, «Nothing Phone (4a)» nusgasynyň işlenip başlan gününden bäri ýat modullarynyň bahasy takmynan dört esse ýokarlandy.

«Eger siz telefonyňyzy täzelemek üçin amatly pursada garaşýan bolsaňyz, iň gowy wagt düýndi. Indiki iň gowy wagt bolsa – häzirdir. Şu ýylky arzanlaşyk möwsüminde adamlar öňki öwrenşen hezilliklerini görüp bilmezler» diýip, Nothing-iň baş direktory belleýär.

Peýiň pikiriçe, bahalaryň ýokarlanmak meýilli ýagdaýy ýat bazary durnuklaşýança, iň bolmanda indiki ýyla çenli dowam eder. Samsung we hytaý brendleri ýaly iri öndürijiler eýýäm bu çykdajylary sarp edijileriň üstüne ýükläp başladylar. Şol sebäpli käbir ugurlarda bölek satuw bahalary ýüzlerçe dollar gymmatlady.


şu gün 12:29
594

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

şu gün 08:07
965

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

şu gün 07:51
1.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

13.06.2026 12:35
2.2k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....