Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

  • şu gün 07:51
  • 1.3k+

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi.

Deslapky maglumatlara görä, «Galaxy Z Fold 8 Ultra» uzyn görnüşini saklar we teleobýektiwli üç sany esasy kamera eýe bolar. Öz gezeginde, hataryň täze «Wide» wersiýasy hökmünde garalýan «Galaxy Z Fold 8» bolsa, has giň we planşete ýakyn dizaýny bilen tapawutlanar.

Mundan ozal hem, resmi tanyşdyrylyşlardan daşary «Galaxy Z Fold 8-iň» nusgasynyň suratlary peýda bolupdy. Samsung-yň täze enjamlaryny 2026-njy ýylyň iýulynda tanyşdyrmagyna garaşylýar.

«Ice Universe» Samsung-yň smartfonlary we şekil datçikleri baradaky köp sanly takyk maglumatlary bilen tanalýar. Hususan-da, ol 50 we 200 MP çözgütli sensorlar, şeýle hem «şaglawuk» ekranly enjamlaryň suratlary baradaky maglumatlary öňünden çap edipdi.


şu gün 12:29
675

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

şu gün 08:07
1k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....

düýn 11:23
3.3k+

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

13.06.2026 12:35
2.2k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....