Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we aragatnaşyk ulgamlaryny kabel birikdirmesiz zarýadlamaga mümkinçilik berer.
«DEEP LIGHT» taslamasy kuwwatly lazer berijiniň we alnan energiýany suwasty enjamlar üçin iýmite öwürjek kabul edijiniň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Önüm öndürijiler fiziki gatnaşyksyz, onlarça metr aralyga energiýa geçirilmegini üpjün etmegi meýilleşdirýärler.
Çözgüdiň esasynda, başga diapazonlar bilen deňeşdirilende suwda has gowy ýaýraýan gök we gök-ýaşyl spektrli lazer şöhleleriniň ulanylmagy durýar. Ulgamyň lazer bölegini döretmek barada NUBURU-nyň düzümine girýän Lyocon S.r.l. kompaniýasy jogap berýär.
Bu tehnologiýa häzirki wagtda akkumulýatorlaryň göwrümi we zarýad beriş stansiýalaryna dolanmak zerurlygy bilen çäklendirilen awtonom suwasty enjamlaryň iş dowamlylygyny artdyryp biler.
Taslama işläp taýýarlamagyň irki tapgyrynda. Önüm öndürijiler, ilki bilen, synaglary geçirmeli we hakyky ulanyş şertlerinde ulgamyň netijeliligini tassyklamaly bolarlar.