Nvidia bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

  • 10.07.2025 10:35
  • 2.7k+

9-njy iýulda Nvidia bazar bahasy 4 trln dollardan geçen taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy. Nasdaq söwdasynda amerikan mikroçip öndürijisiniň paýnamalary bir paý üçin 164,2 dollara ýetdi, bu hem kompaniýa öň ýetilmedik görkezijä ýetmäge mümkinçilik berdi.

2025-nji ýylyň başyndan bäri Nvidia-nyň bahasy tas 20% ýokarlandy. Munuň esasy sebäbi kompaniýanyň emeli aň tehnologiýalarynda ulanylýan çiplerine islegiň ýokarlanmagy boldy. Nvidia ösen EA prosessorlarynyň önümçiliginde öňdebaryjy orny eýeleýär.
Birinji çärýegiň jemi boýunça, kompaniýa 44 mlrd dollar möçberde rekord girdejini hasaba aldy – bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69% köpdür. Düşewünt 26% ýokarlandy.
Nvidia 1993-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň ştab-kwartirasy Santa-Klara (Kaliforniýa, ABŞ) ýerleşýär. Ilkibaşda ol oýun kompýuterleri üçin wideokartlary döretmek bilen meşgullanýardy, ýöne soň EA çiplerini döretmäge hem ýöriteleşip başlady. Ol 2024-nji ýylyň fewralynda ilkinji gezek 2 trln dollar belliginden geçdi we şol ýylyň iýunynda 3 trln dollar görkezijisine ýetdi.
Mundan öň 4 trln dollara Apple golaýlady, onuň bazar bahasy 2024-nji ýylyň dekabrynda 3,915 trln dollar boldy.
Häzirki wagtda şu kompaniýalaryň bazar bahalary 1 trln dollardan geçýär: Microsoft ($3,756 trln), Apple ($3,137 trln), Amazon ($2,369 trln), Alphabet ($2,151 trln), Meta ($1,842 trln), Broadcom ($1,304 trln) we TSMC ($1,199 trln). Adatça, “trillionerleriň klubuna” girýän Tesla-nyň kapitalizasiýasy häzirki wagtda 961,89 mlrd dollara barabar.


şu gün 09:16
523

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

13.01.2026 13:28
8.1k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...

12.01.2026 11:12
1.6k+

Nvidia-da 33 ýylda ilkinji gezek baş marketolog işe alyndy, ol Google-yň öňki hünärmeni boldy

Nvidia kompaniýasy özüniň 33 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek marketing boýunça müdiri işe aldy. 2026-njy ýylyň fewralyndan başlap bu wezipäni Elison Wagonfeld eýelär we ol kompaniýanyň tutuş marketing hem korporatiw kommunikasiýalar ulgamyna jogap berer diýip, Tom’s Hardware habar berýär...

18.12.2025 13:21
1.8k+

Nvidia dolandyryş hili boýunça kompaniýalaryň reýtinginde Apple-den öňe geçdi

Grafiki çip öndürijisi Nvidia Corp. dolandyryş hili boýunça iň gowy amerikan kompaniýalarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýting The Wall Street Journal neşiri üçin Klermont uniwersitetiniň Draker instituty tarapyndan düzüldi...