OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

  • 22.02.2026 17:17
  • 2.5k+

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy. Emma ol wagt kompaniýa 280 milliard dollara barabar ýyllyk girdejisi lyp başlar.

Bloomberg bu çaklamanyň hyzmatlary abunalyklar we mahabat arkaly monetizasiýa etmek mümkinçiligine esaslanýandygyny belleýär.
2024-nji ýylda kompaniýanyň girdejisi  takmynan 6 milliard dollar, 2025-nji ýylda bolsa 20 milliard dollardan geçdi. Resmi netijelere bil baglap aýtsak, çaklanylan 10 milliard dollaryň ýerine 13 milliard dollar gazanyldy. Şeýle hem 2025-nji ýylda 9 milliard dollar meýilleşdirilen bolsa-da, edilen çykdajy 8 milliard dollara barabar boldy.
The Information neşiri Open AI-yň emeli aň modellerine öwretmek üçin eden çykdajylarynyň 2025-nji ýylda dört esse artandygyny habar berýär. Bu bolsa girdeji derejesiniň 40%-den 33%-e düşmegine sebäp boldy. Edil şol ýylda, Nvidia kompaniýany maliýeleşdirme şertlerini üýtgedip, uzak möhletleýin basgançakly ulgama geçdi. Muňa garamazdan, şu ýyl Nvidia startapa 30 milliard dollar çemesi kömek berip biler. Bu serişdeleriň esasy bölegi hasaplaýyş infrastrukturasy üçin enjamlary satyn almaga gönükdiriler.
OpenAI-yň ýolbaşçylary 2030-njy ýyla çenli girdejiniň deň ýarysynyň sarp edijilerden, galan ýarysynyň bolsa korporatiw segmentinden geljekdigine garaşýarlar.


02.06.2026 12:08
1.9k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
995

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......