Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

  • 16.02.2026 20:41
  • 3.2k+

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar.
Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, DRAM ýadynyň bir görnüşiniň bahasy diňe dekabr-ýanwar aýlarynyň dowamynda 75% ýokarlandy. Nvidia kompaniýasynyň emeli aň üçin öndüren täze çipleriniň talap edýän ýat göwrümi birnäçe güýçli şahsy kompýuterleriňkiden hem köpdür. Bu bolsa bazardaky durnuksyzlygy has-da güýçlendirýär.
Elektronika öndürijileri eýýäm öz meýilnamalaryna düzediş girizip başladylar. Mysal üçin, Sony kompaniýasy PlayStation oýun konsolynyň täze nesliniň çykarylyşyny 2028-nji ýa-da 2029-njy ýyla süýşürmek meselesine garaýar. Hytaýyň smartfon öndürijileri 2026-njy ýyl üçin önümçilik meýilnamalaryny 20%-e çenli gysgaltmagy göz öňünde tutýarlar.
Bloomberg-iň seljerijileri DRAM gytçylygynyň ýylyň dowamynda saklanjakdygyny çaklaýarlar. Arzan smartfonlaryň şaýlarynyň jemi bahasynda bu ýadyň tutýan orny eýýäm 30%-e ýetip biler, bu bolsa 2025-nji ýylyň başyndaky görkezijiden üç esse ýokarydyr.


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......