Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

  • 31.01.2026 09:16
  • 1k+

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär.

Çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Nvidia 20 milliard dollara çenli maýa goýmagy meýilleşdirýär. Amazon bolsa 10 milliard dollar ýa-da ondan hem köp maýa goýar. Kompaniýanyň 27%-ine eýelik edýän Microsoft hem Amazon bilen deň derejede maýa goýum goşmagy göz öňünde tutýar.
Şertnamanyň beýleki mümkin gatnaşyjylarynyň arasynda 30 milliard dollar töweregi maýa goýmagy göz öňünde tutýan Ýaponiýanyň SoftBank Group korporasiýasy, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň özbaşdak gaznalary, hususan-da Abu-Dabiniň Maýa goýum edarasy we MGX kompaniýasy bar.
Toplanan ägirt uly maýa goýum serişdeleri OpenAI-a öz işini giňeltmek üçin zerurdyr. Hususan-da, bu maliýe serişdeleri emeli aňyň kuwwatyny artdyrmaga kömek etjek täze maglumat merkezlerini gurmaga gönükdiriler.


düýn 12:08
1.4k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
987

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......