Apple iň gymmat brendleriň reýtinginde yzygider 4-nji ýyl öňdebaryjy boldy

  • 18.05.2025 21:53
  • 2.9k+

Kantar analitiki kompaniýasy her ýylky BrandZ reýtingini hödürledi. Dünýäniň iň gymmat brendleriniň arasynda birinji orny Apple saklap galdy. Onuň bahasy 28% ýokarlanyp, 1,3 trln dollara ýetdi. Bu ilkinji 100-lüge girýän ähli kompaniýalaryň umumy bahasynyň 12%-den gowragydyr.

Brendiň güýji üç ölçeg boýunça kesgitlenýär: ähmiýeti, özboluşlylygy we tanaýjylygy (Meaningful, Different and Salient). Kantar hut şu häsiýetleriň durnuksyz ykdysadyýete we ýokary bäsdeşlige garamazdan Apple-e öňdebaryjylygy saklamaga kömek edýändigini belleýär.
Hasabat emeli aň bilen bagly brendleriň hem ösüşini görkezýär. Mysal üçin, Nvidia brendiň bahasy bir ýylda 152% ýokarlanandan soň, bäşinji orny eýeledi. OpenAI-den ChatGPT bolsa sanawa ilkinji gezek girip, 43,5 mlrd dollar baha bilen 60-njy orunda ýerleşdi.
Kantar-yň maglumatlaryna görä, emeli aň marketingde, önüm taýýarlamakda we media strategiýalarynda çemeleşmeleri işjeň üýtgedýär. EA tehnologiýasyny netijeli ulanýan kompaniýalaryň arasynda Coca-Cola, Reckitt we PepsiCo bellenýär. Olar mahabatlary adaptirlemek, täze önümleri döretmek we işewürlik amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin neýroulgamdan peýdalanýar.
BrandZ reýtingi eýýäm 20 ýyl bäri düzülýär. Onda kompaniýalaryň hem maliýe görkezijileri, hem brendiň sarp edijiler tarapyndan kabul edilişi göz öňünde tutulýar. 2025-nji ýylda top-100 brendiň jemi bahasy 29% ýokarlandy we bu kesgitsizlik döwründen soň bazaryň dikelip başlandygyny görkezýär.


19.06.2026 14:20
2.7k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

02.06.2026 12:08
2.1k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......