Nvidia, Stellantis, Uber we Foxconn robotaksi döretmek üçin birleşýärler

  • 04.11.2025 13:09
  • 1.3k+

Robotlaşdyrylan taksi bazarynda täze iri taslama peýda bolýar. Stellantis, Nvidia, Foxconn we Uber özbaşdak hereket edýän awtoulaglary döretmek we önümçilige goýbermek boýunça bilelikdäki başlangyjy yglan etdiler. Bu başlangyç Nvidia tarapyndan Waşingtonda geçirilen GTC 2025 konferensiýasynda tanyşdyryldy diýip, The Verge habar berýär.

Meýilnama laýyklykda:

  • Stellantis — awtoulaglary öndürer,
  • Nvidia we Foxconn — elektronika hem-de awtopilot ulgamlary üçin tehnologiýalary taýýarlaýar,
  • Uber — bu ulaglary taksi hyzmatynda işletmek üçin platforma bilen üpjün eder.

Stellantis kompaniýasy eýýäm K0 Medium Size Van we STLA Small ýaly käbir platformalaryň awtopilot ulgamlaryna uýgunlaşdyrylmaga taýýardygyny belleýär. Bu model görnüşleri dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge hem-de ýolagçy sygymyny artdyrmaga mümkinçilik berer.
Nvidia hyzmatdaşlaryna Drive AGX Hyperion 10 apparat platformasyny we DriveOS operasion ulgamyny hödürlär. Foxconn bolsa häzirki wagtda Stellantis bilen enjamlary integrirlemek boýunça tehniki hyzmatdaşlyk edýär.
Köpçülikleýin önümçiligiň 2028-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar. Ilkinji tapgyrda 5000 sany robotaksi ABŞ-da Uber tarapyndan ulanylar, soňra taslama başga ýurtlara hem ýaýradylar.
Stellantis mundan öň hem awtonom ulaglar boýunça Pony.ai bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Täze hyzmatdaşlyk bolsa tehnologiýalaryň gerimini giňeltmäge we çalt ösýän robotaksi bazaryndaky töwekgelçiligi azaltmaga gönükdirilendir.


11.01.2026 11:48
1.2k+

Nvidia tehnologiýasy 2027-nji ýyla çenli robotaksileri 4-nji derejeli awtopilot bilen üpjün eder

Nvidia tehnologiýalaryna esaslanýan we 4-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan robotaksiler geljek ýyl ýollara çykar. CNBC neşiriniň habar bermegine görä, SAE klassifikasiýasy boýunça 4-nji derejeli awtopilot köp ýagdaýlarda adamyň gatnaşmagyny talap etmeýär...

16.10.2025 09:14
2.8k+

Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi

Nvidia kompaniýasy JCustom modderi bilen bilelikde gönüden-göni Porsche 911 superkarynyň tigirine oturdylan özboluşly oýun kompýuterini hödürledi. Kompýuteri işletmek üçin hakyky awtomobil brelogy ulanylýar, suw blogunda bolsa ulagyň kiçijik nusgasy oturdyldy...

22.09.2022 14:18
5.8k+

Uber 2030-njy ýyldan içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglary gadagan eder

Uber taksi agregatory 2030-njy ýyldan başlap içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň sürüjilerini özüniň ABŞ-daky, Kanadadaky we Ýewropadaky hyzmatlaryna goşmagy bes eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy...

düýn 17:40
3.5k+

Michelin Hytaýda 36 sekuntda bir teker öndürýän zawody açdy

Michelin topary Şanhaýda dünýäde ilkinji «future factory» («geljegiň zawody») formatly zawody açdy. Döwrebap önümçilik hatarlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana her 36 sekuntda bir teker öndürmäge ukyplydyr. Bu taslama gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 3 mlrd ýuana (takmynan, 425 mln dollar) barabar boldy...