Nvidia tehnologiýasy 2027-nji ýyla çenli robotaksileri 4-nji derejeli awtopilot bilen üpjün eder

  • 11.01.2026 11:48
  • 1.3k+

Nvidia tehnologiýalaryna esaslanýan we 4-nji derejeli awtonom dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan robotaksiler geljek ýyl ýollara çykar. CNBC neşiriniň habar bermegine görä, SAE klassifikasiýasy boýunça 4-nji derejeli awtopilot köp ýagdaýlarda adamyň gatnaşmagyny talap etmeýär.

Las-Wegasda geçirilen CES 2026 sergisinde Nvidia-nyň esaslandyryjysy Jensen Huang kompaniýanyň geljekki meýilnamalaryny tanyşdyrdy. Onuň sözlerine görä, ulag tehnologiýalary emeli aňdan soňra kompaniýanyň iň möhüm ikinji iş ugruna öwrüler.
Häzirki wagtda Nvidia-nyň çözgütleri "2++" derejeli awtonomlyga degişli bolup, olar geçen çärýekde kompaniýa 592 million dollar (umumy girdejiniň 1%-i) peýda getirdi.
Şu ýylyň ahyryna çenli San-Fransisko ýaly iri şäherlerde Nvidia-nyň tehnologiýasynda işleýän Mercedes-Benz awtoulaglary özbaşdak hereket edip başlar.
Jensen Huang geljekde dünýä ýollarynda awtonom ulaglaryň sanynyň 1 milliarda ýetjekdigini çaklaýar.
Täze robotaksileriň işlenip düzülmegi DRIVE Hyperion ekoulgamynyň çäginde alnyp barylýar. Bu platforma aşakdakylary öz içine alýar:

  • Çipler: Blackwell arhitekturasyna esaslanýan iki sany Drive AGX Thor çipi.
  • Hyzmatdaşlar: Bosch, Magna, ZF Group ýaly ägirtler, şeýle-de Sony we Hesai ýaly datçik öndürijileri.

Nvidia sergide açyk çeşmeli (open-source) Alpamayo AI modelini hem tanyşdyrdy. Mercedes-Benz bu modeli eýýäm şu ýyl ABŞ-da we Ýewropada satyljak CLA modellerinde ösen 2-nji derejeli awtomatlaşdyrmany üpjün etmek üçin ulanar.


04.11.2025 13:09
1.4k+

Nvidia, Stellantis, Uber we Foxconn robotaksi döretmek üçin birleşýärler

Robotlaşdyrylan taksi bazarynda täze iri taslama peýda bolýar. Stellantis, Nvidia, Foxconn we Uber özbaşdak hereket edýän awtoulaglary döretmek we önümçilige goýbermek boýunça bilelikdäki başlangyjy yglan etdiler...

16.10.2025 09:14
2.8k+

Nvidia kompaniýasy Porsche 911-iň tekerini kuwwatly oýun kompýuterine öwürdi

Nvidia kompaniýasy JCustom modderi bilen bilelikde gönüden-göni Porsche 911 superkarynyň tigirine oturdylan özboluşly oýun kompýuterini hödürledi. Kompýuteri işletmek üçin hakyky awtomobil brelogy ulanylýar, suw blogunda bolsa ulagyň kiçijik nusgasy oturdyldy...

düýn 12:20
2.8k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.5k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......