OpenAI we Oracle Tehasda täze maglumat merkezi gurýar

  • 09.03.2025 22:45
  • 984

OpenAI we Oracle kompaniýalary Stargate taslamasynyň çäginde Tehasda maglumat merkeziniň gurluşygyna başlady. Öňümizdäki aýlarda Nvidia GB200 çipleriniň ilkinji 16 müň sanysy oturdylar, 2026-njy ýyla çenli bolsa bu san 64 müňe ýetiriler diýip, «Bloomberg» habar berýär.

Ýanwar aýynda OpenAI, SoftBank Group we Oracle başlangyç maýa goýum hökmünde 100 milliard dollar bölüp berýändiklerini yglan edipdi. Olaryň bu mukdary indiki dört ýylyň dowamynda 500 milliard dollara çenli artdyrmak mümkinçilikleri hem bar.
OpenAI maglumat merkezini dizaýn etmek bilen, şeýle-de üpjünçilik bilen meşgullansa, Oracle superkompýuterleri satyn almak we işletmek işlerini öz üstüne alýar. Emma häzirlikçe ne Oracle, ne-de Nvidia bu mesele barada düşündiriş bermedi.
Stargate taslamasy emeli aň (EA) modellerini türgenleşdirmek we giňeltmek üçin zerur bolan, iň täze Nvidia çipleriniň önümçiligini artdyrmak ugrunda tehnologiýa kompaniýalarynyň arasyndaky giň gerimli bäsdeşligiň bir bölegi boldy.
Beýleki kompaniýalar hem EA infrastrukturasyna maýa goýýar. Mysal üçin, Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Memfisde EA serwerlerini döretmek üçin, Dell Technologies bilen 5 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Meta Platforms bolsa Nvidia H100 çipleriniň sanyny 600 müňe ýetirmek üçin has uly hasaplaýyş kuwwatyny döretmegi meýilleşdirýär.
GB200 çipleriniň ilkinji tapgyrynyň bahasy birnäçe milliard dollara barabar bolar. Nvidia kompaniýasy çipleriň bahasyny anyk aýdanok, emma kompaniýanyň baş direktorynyň öňki beýanyna görä, B200 çipleriniň bahasy 30 müň bilen 40 müň dollar aralygynda bolmaly.
OpenAI we SoftBank nobatdaky maglumat merkezleri üçin, Pensilwaniýa we Wiskonsin ýaly beýleki sebitleri hem göz öňünde tutýarlar.


20.05.2026 15:31
842

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

15.05.2026 10:46
1.7k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....