Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

  • 29.05.2026 00:36
  • 2.3k+

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy.

​Işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, bu tehnologiýa elektron çyzgylaryň gurluşyny bir minutdan hem az wagtyň içinde üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de ol enjamlary ýasamak we täze nusgalary synagdan geçirmek tapgyrlaryny 1000 esse çaltlandyrýar.

​Bu oýlap tapyş elektrik arkaly çyglanma täsirine esaslanýar. Ulgam elektrik meýdanlarynyň kömegi bilen suwuk metal galyndylarynyň damjalaryny aýna gatlagyň üstünde mikron takyklygynda herketlendirýär. Bu bolsa inženerlere täze fiziki nusga ýasamazdan, köp gatlakly platalaryň ýollaryny we gurluşyny derrew üýtgetmäge şert döredýär.

​Itera kompaniýasynyň ýolbaşçysy we esaslandyryjylarynyň biri Eý Jeý Kuper bu tehnologiýanyň elektronika önümçiliginiň wagtyny we çykdajylaryny azaltdjakdygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, inženerler çyzgy üýtgeşmelerini girizip, gaýtadan geçirilýän synaglary dessine diýen ýaly amala aşyryp bilerler.

​Kompaniýa «Upfront Ventures», «Costanoa Ventures» we «Colle Capital» ýaly gaznalardan 12 million dollar möçberinde maýa goýum çekendigini hem habar berdi. Bu serişdeler tehnologiýany söwda bazaryna çykarmak üçin sarp ediler.

​Itera geljekde «Elektronika hyzmat hökmünde» (EaaS - Electronics as a Service) nusgasy boýunça işlemegi meýilleşdirýär. Sargyt edijiler enjamlaryň çyzgylaryny uzak aralykdan üýtgedip bilerler, ABŞ-ndaky ýörite synag merkezleri bolsa robotlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen suwuk metal ýollary awtomat usulda täzeden gurap, hakyky şaýlary duran ýerinde gurnap bererler.


düýn 11:29
3.3k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

düýn 11:16
678

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

düýn 09:59
858

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......