Nvidia Hytaý üçin aýratyn täze emeli aň prosessoryny döretdi

  • 12.05.2025 16:36
  • 1.8k+

Nvidia Hytaý üçin H20 emeli aň çibiniň ýönekeýleşdirilen görnüşini taýýarlaýar. Bu barada Reuters agentligi ýagdaý bilen tanyş bolan üç çeşmä salgylanyp habar berýär. Çözgüt ABŞ tarapyndan çibiň asyl modeliniň eksportyna çäklendirme girizilenden soň kabul edildi.

Amerikan kompaniýasy Hytaýdaky esasy müşderilerine eýýäm iýul aýynda üýtgedilen H20 çibini çykarmak meýilnamalary barada habar berdi. Bu ädim – ABŞ-nyň Hytaýyň ösen ýarymgeçirijilere elýeterliligini çäklendirmek tagallalaryna garamazdan, Nvidia-nyň hytaý bazarynda öz ornuny saklamak synanyşygydyr.
Ozal satmak üçin Hytaýda tassyklanan H20 çibi Amerikanyň onuň üçin eksport ygtyýarnamasyny talap etmeginden soň gadagan edildi. Çeşmeleriň biri müşderileriň çip öndürijiligini sazlamak üçin onuň konfigurasiýasyny üýtgedip biljekdigini belledi.
Nvidia bu ýagdaýa teswir bermedi. ABŞ-nyň Söwda ministrligi hem Reuters-iň ýüzlenmesine jogap bermedi.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....