Nvidia-da 33 ýylda ilkinji gezek baş marketolog işe alyndy, ol Google-yň öňki hünärmeni boldy

  • 12.01.2026 11:12
  • 1.6k+

Nvidia kompaniýasy özüniň 33 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek marketing boýunça müdiri işe aldy. 2026-njy ýylyň fewralyndan başlap bu wezipäni Elison Wagonfeld eýelär we ol kompaniýanyň tutuş marketing hem korporatiw kommunikasiýalar ulgamyna jogap berer diýip, Tom’s Hardware habar berýär.  

Wagonfeld ozal tas on ýyl Google kompaniýasynda işledi. Bu ýerde ol bulut ugrunyň marketingi bilen meşgullandy. Onuň hünärmen tejribesiniň uly bölegi häzirki wagtda Nvidia-nyň esasy girdeji çeşmesi bolan B2B-segmenti bilen baglanyşyklydyr.
Tom’s Hardware neşiriniň belleýşi ýaly, ozal Nvidia-nyň gurluşynda marketing müdiriniň aýratyn wezipesi ýokdy. Kompaniýanyň önümlerini mahabatlandyrmak bilen, adatça, uly wise-prezidentler meşgullanýardy.
Wagonfeldiň täze wezipedäki anyk işleri barada habar berilmeýär. Ýöne onuň bellenmeginiň Nvidia-nyň emeli aň gurşawynda işleýän kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly bolup biljekdigi çaklanylýar. Çünki, bu ugur häzir korporasiýanyň girdejileriniň esasy bölegini emele getirýär.
Şeýle-de, entek Wagonfeldiň Nvidia-nyň köpçüligiň öňündäki esasy wekili boljakdygy ýa-da ýokdugy belli däl. Häzir bu roly kompaniýanyň ýolbaşçysy Jensen Huangyň özi ýerine ýetirýär – ol täze önümleri tanyşdyrýar we Nvidia-nyň adyndan maslahatlarda çykyş edýär. 


22.02.2026 17:17
2.4k+

OpenAI-yň 2030-njy ýyla çenli çykdajylary $600 mlrd ýeter, emma ýyllyk girdejisi $280 mlrd bolar

Tehnologiýa ägirtleriniň maliýe goldawyna garamazdan, OpenAI hususy startap bolmagyna galýar we öz maliýe görkezijilerini aýan etmäge borçly däl. Şeýle-de bolsa, resmi däl çeşmelerden gelýän maglumatlara görä, kompaniýanyň 2030-njy ýyla çenli 600 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigi belli boldy...

16.02.2026 20:41
3.1k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

31.01.2026 09:16
944

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

13.01.2026 13:28
8.2k+

Dünýäniň iň baý 20 adamsynyň umumy baýlygy 3,8 trillion dollara ýetdi

Dünýädäki iň baý ýigrimi adamyň umumy baýlygy şu günki günde takmynan 3,8 trillion dollara barabar. Bu görkeziji dünýä döwletleriniň aglabasynyň jemi içerki önüminden (JIÖ) hem ýokarydyr. Sanawda birinji orny öňküsi ýaly Ilon Mask eýeleýär, onuň baýlygy 714,2 milliard dollar diýlip bellenildi...