Oýunlar kino ýaly: Nvidia-nyň DLSS 5 tehnologiýasy kompýuter grafikasynda uly öňegidişlik gazandy

  • 18.03.2026 17:39
  • 4.1k+

Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi.

DLSS 5 — bu hakyky wagtda neýron (EA-nyň kömegi bilen) rendering ulgamydyr. Ol ýagtylygy, materiallary we ownuk detallary gaýtadan işlemek arkaly şekili gowulandyryp, ony has hakyky ýaly edýär. Işläp düzüjiler bu tehnologiýanyň ozal diňe kino pudagynda mümkin bolan grafika derejesine ýetmäge mümkinçilik berýändigini belleýär.

Görkezilişlerde DLSS 5-iň sahnanyň daşky görnüşini ep-esli derejede üýtgedýändigi görünýär. Internet ulanyjylary bu effekti smartfon kameralaryndaky filtrler bilen deňeşdirýär. Mysallaryň birinde gahrymanyň ýüzi düýbünden başgaça görünýär: dodaklary üýtgeýär, täze detallar goşulýar we gözleriň hereketi güýçlendirilýär. Bu bolsa käbir soraglary döredýär, sebäbi netijede emele gelýän görnüş dizaýnerleriň asyl niýetinden tapawutlanyp bilýär.

Şol bir wagtyň özünde, Nvidia şekiliň durulygynyň ýokarlanmagy barada habar bermedi. Bu tehnologiýa "upscale" däl-de, hut wizual hili gowulandyrmaga jogap berýän bolup biler.

Oýunlary işläp düzüjiler öz isleglerine görä oýnuň stilini saklap galmak üçin şekiliň işleniş derejesini sazlap biler. DLSS 5 ýagtylandyryşy, materiallary we obýektleriň gurluşyny nazara alyp, sahnany bir kadryň üsti bilen seljermegi öwrenýär.

Täze tehnologiýa güýzde elýeterli bolar we ol AION 2, Starfield hem-de Hogwarts Legacy ýaly birnäçe oýunlarda peýda bolar. Ýöne bu tehnologiýa diňe GeForce RTX 50 wideo kartlarynda işlär.


düýn 17:00
1.6k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.8k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.7k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....