Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

  • 08.06.2026 17:00
  • 3.5k+

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir.

Äýnege gurnalan kamera töweregi surata düşürýär, programma üpjünçiligi bolsa şekiliň göwrümini, ýagtylygyny, kontrastyny we kesgitleýjiligini üýtgedip, ony «micro-OLED» mikrodispleýlerine çykarýar. Maglumatlary işläp düzmek üçin enjam adaty smartfona birikdirilýär.

Başlangyç döwründe bu startap DARPA we «Tencent-iň» maliýe goldawy bilen AR (artdyrylan hakykat) kontakt linzalaryny işläp düzýärdi. Ýöne tehnologiýa ägirtleriniň AR-äýnekler üçin köpçülikleýin bazarynyň ýoklugy sebäpli, kompaniýa esasy ünsüni görüjiligi pes adamlara kömek etmäge gönükdirdi. Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, bu tehnologiýanyň agramly müşderileri bütin dünýä boýunça takmynan 300 million adamy düzýär. Olar görüş ukybynyň ep-esli bölegini ýitiren we tekst okamak ýa-da adamlary tanamak ýaly gündelik zeruryýetlerde kynçylyk çekýän adamlardyr.

Enjam 3 sagat işjeň işlemäge niýetlenendir.

Kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Stiw Willi önümiň maksadynyň görmesi kyn adamlaryň özbaşdaklygyny ep-esli ýokarlandyrmakdan hem-de olara başgalaryň kömegine mätäç bolmazdan, esasy gündelik işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermekden ybaratdygyny belleýär.

Kompaniýanyň önümçilik boýunça hyzmatdaşy Quanta Computer bolup, bahasy 2950 dollardan kesgitlenen 100 sany öňünden sargyt edilen enjamyň gowşurylyşy 2027-nji ýylyň başynda başlanar.


düýn 10:31
5.3k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......