OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

  • şu gün 10:51
  • 216

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu ädim arkaly öz hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de gelýän soraglary işlemek üçin edilýän çykdajylary azaltmagy maksat edinýär.

Bu çip Broadcom kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Broadcom-yň baş direktory Hok Tanyň aýtmagyna görä, täze çözgüt adaty grafiki prosessorlar (GPU) bilen deňeşdirilende 50%-e çenli serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

OpenAI we Broadcom kompaniýalary bu prosessoryň gysga wagtyň içinde düýbünden täze taslama hökmünde döredilendigini hem-de inferens wezipeleri ýerine ýetirilende sarp edilýän her watt energiýa üçin has ýokary öndürijiligi üpjün edýändigini belleýär.

«Jalapeno» çibi emeli aň modelleri bilen işlemek üçin niýetlenen bolup, ol hasaplama serişdeleriniň, ýadyň we tor infrastrukturasynyň ulanylyş aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar. Çipleriň gutarnykly wersiýalaryny eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli Microsoft-yň we OpenAI-yň beýleki hyzmatdaşlarynyň iri maglumat merkezlerinde gurnamak meýilleşdirilýär.

«Jalapeno» çibiniň indiki neslini çykarmak bolsa 2028-nji ýyla meýilleşdirildi. Şeýle-de, işläp düzüjiler geljekde beýleki agramly wezipeler üçin hem ýöriteleşdirilen çipleriň döredilip bilinjekdigini inkär etmeýär.

Ýylyň başyndan bäri OpenAI çipleri işläp düzmek, maglumat merkezlerini gurmak we hünärmenler toparyny giňeltmek boýunça taslamalary maliýeleşdirmek üçin 122 milliard dollar maýa goýum çekdi. Bu yglan edişlikden soň, Broadcom kompaniýasynyň paýnamalary 1,6% ýokarlandy we 386,25 dollara ýetdi.


24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....