Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň awtonomlygyny barlaýan iň dowamly göni ýaýlym» üçin resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Geçirilen synag wagtynda smartfonyň üznüksiz 26 sagat 8 minut we 34 sekuntlap işländigi bellenilýär.
Enjam 90 Wt kuwwatly çalt zarýad alşy we 27 Wt kuwwatly ters zarýad berşi goldaýar.
Smartfon durulygy 2788×1280 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,8 dýuýmlyk OLED-displeý bilen üpjün edildi. Ekranyň iň ýokary ýagtylygy 10 000 nit derejesinde diýlip bellenilýär. Enjamyň öndürijiligine bolsa Snapdragon 6 Gen 5 prosessory jogap berýär.
Esasy kamera 50 Mp durulyga eýe bolup, ol optiki şekil durnuklaşdyryjysy bilen üpjün edilen, öňdäki kamerasy bolsa 8 Mp deňdir. Şeýle hem korpusyň suwdan we tozandan goralmagy IP66, IP68, IP69 we IP69K standartlaryna laýyk gelýär.
Täze önüm 8 ýa-da 12 GB operatiw ýat we 128-den 512 GB çenli içki ýat bilen hödürlenýär. Smartfon 5G torlaryny, Wi-Fi 6 we Bluetooth 6.0 ulgamlaryny goldaýar hem-de Android 16 esasyndaky MagicOS 10-uň dolandyrmagynda işleýär.
Honor X80 Pro Max smartfonynyň Hytaýdaky bahasy, takmynan, 300 dollardan başlanýar. Ol dört sany reňkde elýeterli bolar: mämişi, gyzyl, ak we gara.
Gurluşyň halkara bazaryna çykjak möhleti barada entek habar berilmedi.

