Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi.
Gurluş ýakyp barýan Günüň astynda, 45°C çenli ýetýän yssy howada uzak wagtlaýyn iş çalşyklarynyň dowamynda ulanyldy. Smartfon hünärmenlere gündelik meseleleri çözmekde: enjamlary barlamakda, nawigasiýada, aragatnaşygy üpjün etmekde we maglumatlary işlemekde kömek etdi.
Täze smartfonyň esasy tapawutly aýratynlygy — sygymy 11 000 mA/sag bolan dördünji nesil Qinghai Lake akkumulýator batareýasydyr. Ol dürli funksiýalaryň işjeň ulanylandygyna garamazdan, zarýad berilmezden 17 sagatlap üznüksiz işi üpjün etmegi başardy. Bu wagtyň dowamynda inženerler yzygiderli surata düşürmek, maglumatlary ýazgy etmek, habarlaşmak ýaly işleri ýerine ýetirdi.
Hasaba alnan netijelere görä:
- Birnäçe sagatlap dowam eden işjeň ulanylyşdan soň, batareýanyň zarýady bary-ýogy 89%-e çenli düşdi.
- Ertesi gün sagat 04:25-e çenli zarýadyň galyndysy 26%-e barabar boldy.
Synaglaryň jemleri boýunça Honor X80 Pro Max ýokary agram režiminde awtonom işleme wagtynyň alty sagatlyk synaglarynyň maglumat bazasynda birinji orny eýeledi.
Smartfonyň anonsy eýýäm boldy, onuň Hytaýdaky satuwlary bolsa 22-nji iýunda başlanar. Öndüriji esasy ünsi ýokary awtonomlyga, urga çydamlylygyna we suw geçirmezlik ukybyna berýär.
Maglumatlara görä, Honor X80 Pro Max şeýle häsiýetnamalara eýe:
- 90 Wt çalt zarýad beriş goldawy bolan 11 000 mAs akkumulýator.
- Durulygy 2788 x 1280 piksel bolan tekiz 6,8 dýuýmlyk OLED ekrany.
- Ekranyň täzelenme ýygylygy 120 Gs we ýokary ýygylykly PWM peseltmesi 3840 Gs.
- Tutuş ekranyň ýagtylygy 2000 nite çenli, iň ýokary lokal ýagtylygy bolsa 10000 nite çenli ýetýär.

