Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

  • şu gün 10:31
  • 1k+

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli täzelenme goldawy bilen üpjün edildi. Muňa garamazdan, enjam özüniň öňki modelinde bar bolan möhüm häsiýetnamalarynyň birini ýitirdi.

Samsung Galaxy A27 image 1

Görnüşi boýunça Galaxy A27 köp babatda özünden öňki Galaxy A26 modelini gaýtalaýar. Smartfon 6,7 dýuýmlyk Super AMOLED ekrany (Full HD+ durulygy, 120 Gs täzelenme ýygylygy) bilen enjamlaşdyryldy. Iň esasy estetik üýtgetme — könelişen damja görnüşli oýugyň aýrylmagydyr. Indi 12 MP frontal kamera displeýdäki tegelek deşijekde ykjam ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, öndürijiler ekranyň daşyndaky çarçuwany has inçeltdi.

  • Prosessor we ýat: Enjamyň esasy enjamlaýyn binýadyny Snapdragon 6 Gen 3 çibi (4-nm tehproses) düzýär. Samsung-yň mälim etmegine görä, ol Galaxy A26 modelindäki Exynos 1380 çibinden öndürijilik taýdan 10–20% öňe geçýär. Saýlamak üçin 6 ýa-da 8 GB operatiw ýat we 128 ýa-da 256 GB içerki ýat wersiýalary hödürlenýär, şeýle-de ony microSD kartlary arkaly giňeltmek mümkinçiligi bar.
  • Kameralar we awtonomlyk: Arka tarapdaky kameralar toplumy optiki durnuklaşdyrma bilen 50 MP esasy moduly, 5 MP ultra giňburçly obýektiwi we 2 MP makromoduly öz içine alýar. Batareýanyň göwrümi 5000 mA·sag bolup, 25 watt çalt zarýad beriş ulgamyny goldaýar.
  • Operasion ulgam we emeli sň: Smartfon One UI 8.5 interfeýsli Android 16 ulgamynda işleýär. Enjama akylly funksiýalaryň toplumy girizildi: Circle to Search, Object Eraser, sözleýşi tanamak, şeýle hem Google Gemini, Perplexity AI we täzelenen Bixby kömekçisi bilen utgaşyklyk bar. Öndüriji rekord derejede 6 ýyllyk operasion ulgam we howpsuzlyk täzelenmelerini kepillendirýär.

Esasy kemçiligi

Täze önümiň iň uly kemçiligi — korpusynyň gorag derejesiniň peseldilmegidir. Galaxy A26 modelini suwa çümmekden goraýan doly derejeli IP67 standartynyň deregine, täze model diňe IP64 standartyny aldy. Bu görkeziji diňe tozandan we tötänleýin suw damjalaryndan goramagy kepillendirýär, ýöne telefony indi suwa salmak bolmaýar.

Galaxy A27 modeliniň satuwy 3-nji iýula bellenildi. Smartfonyň bahasy onuň wersiýasyna baglylykda 350 dollardan başlar.


düýn 10:51
907

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......