Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

  • şu gün 11:01
  • 777

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge ukyplydyr.

Enjam «kerpiç» görnüşli formada bolar. Doly eplenen ýagdaýynda ol galyň we uzyn kerpije ýa-da ähli tarapy ekran bilen örtülen gutujyga meňzeýär.

Ekranlar ilki gapdalyna açylýar (adaty eplenýän modelleriň prinsipi boýunça), soňra bolsa roller mehanizminiň kömegi bilen goşmaça çykýar we ýaýylýar. Doly ýaýylan görnüşinde darajyk enjam, meýdany boýunça kiçiräk planşete deň bolan doly göwrümli giň formatly tekiz ekrana öwrülýär.

Patente ýüz tutma ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna berildi. Enjamyň takyk ölçegleri görkezilmändir, bu bolsa onuň heniz diňe bir konseptual işlenmedigini aňladýar.

Patentiň maglumatlaryna görä, täze taslama häzirki «Samsung Galaxy Z Fold» we beýleki meňzeş eplenýän smartfonlardan ep-esli uly bolup biler.

Mundan ozal kompaniýa gapdallygyna giňeýän ekranly «Galaxy Z» seriýasyndaky düýrlenýän smartfona hem patent alypdy. Şol işlenmede enjamyň ölçegleri üýtgände, kamera moduly korpus bilen bilelikde hereket edýär.


15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.4k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

18.05.2026 01:22
2.7k+

Samsung kompaniýasynyň täzeligi: geljekki smartfonlar gologrammalary äýneksiz görkezip bilerler

Samsung smartfonlar üçin golografik displeý tehnologiýasy boýunça içerki barlaglary geçirýär, bu tehnologiýa ulanyjylara ýörite äýnekleri ulanmazdan, üç ölçegli suratlary görmäge mümkinçilik berer....