Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

  • 23.05.2026 10:37
  • 4.4k+

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri üçin OLED displeýleriniň sertifikasiýasyny tamamlamagy meýilleşdirýär.

Ekranlaryň esasy üpjünçileri Günorta Koreýanyň Samsung Display we LG Display kompaniýalary bolar. Olaryň panelleri Apple-iň hili we öndürijiligi boýunça talaplaryna doly jogap berýär.

Mundan ozal iPhone 17 Pro seriýasy üçin displeý ýetiren Hytaýyň BOE kompaniýasy täze üpjünçiler sanawyna girmedi. Bilermenleriň pikirine görä, bu ýagdaý LTPO+ tehnologiýasy bilen panelleri öndürmekde ýüze çykan kynçylyklar we ýaramly önümleriň pes göterimi bilen baglanyşyklydyr.

LTPO+ tehnologiýasy täze smartfonlaryň iň möhüm täzelenmeleriniň biri bolar. Ol energiýa sarp edilişini azaltmaga, awtonom iş wagtyny (batareýanyň ömrüni) uzaltmaga, şeýle-de ýagtylyk şertlerine görä ekranyň ýagtylygyny we täzelenme ýygylygyny has takyk sazlamaga mümkinçilik berer.

Günorta Koreýanyň metbugat serişdeleri Samsung bilen LG-niň energiýa tygşytlaýjy displeýleri öndürmekde gazanan artykmaçlyklarynyň 2026–2027-nji ýyllar üçin üpjünçileri saýlamakda esasy faktor bolandygyny belleýärler.


09.06.2026 23:04
2.7k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....